Bi­ziň pla­ne­ta­myz­da ösüm­lik­le­riň müň­ler­çe­si ösüp ýe­tiş­ýär. Ola­ryň kö­pü­si be­je­riş hä­si­ýe­ti­ne eýe­dir. Şu mak­sat bi­len olar der­man­lyk ösüm­lik­le­ri diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jiltli ylmy ensiklopedik ki­ta­by­na şol ösüm­lik­le­riň en­çe­me­si gi­ri­zil­di.
Ýur­du­my­zyň gö­zel te­bi­ga­ty­nda bitýän ösüm­likleriň bi­ri-de hoz agajydyr. Hoz­lar maş­ga­la­sy­nyň ady­bir uru­gy­nyň bo­ýy 20-25 met­re ýet­ip bir ýa-da köp sü­tü­ni eme­le ge­tir­ýär. Köp ýa­şa­ýan hoz agajynyň sü­tün­le­ri ga­ram­tyl-çal reňk­li, örän owa­dan bol­ýar.
Ho­zuň mi­we­le­ri to­ga­lak ýa-da süýn­meg­räk gör­nüş­li bo­lup, da­şy ga­ra-ýa­şyl reňk­li, der­ji­mek ga­lyň et­lek ga­byk bi­len ör­tü­len, uly şä­ni­gi bar. Adat­ça az-kem tüý­ja­gaz­lar bi­len ör­tü­len, mi­we­ýan­ly. Hozuň iç­ki bö­le­gi 2-5 sa­ny do­ly däl per­de­ler ar­ka­ly bö­lü­nen­dir. Agaç­la­şan ga­by­gy­nyň için­de goşa ma­ňyz ýer­leş­ýär. Mi­we­ýa­ny do­ly ýe­ti­şen­de ga­by­gy jaý­ryl­ýar we en­do­karp­dan ýa-da şä­ni­jek­den bö­lü­nip aý­ryl­ýar. Onuň için­de dört per­li­ga­na­ta meň­zeş to­hum – ma­ňyz ýer­le­şip, ýü­zi ýu­ka­jyk de­ri­jik bi­len ör­tü­len­dir. Hoz aga­jy­ 10-12-nji ýy­l­da mi­we ber­ýär.
Ga­dy­my der­man­lyk ösüm­lik­le­riň sa­na­wy­na gir­ýän hoz ba­ra­da­ky ýaz­gy­la­ra Gip­pok­ra­tyň, Di­os­ko­ri­diň, Si­se­ro­nyň, Pli­niý uly­nyň, Wer­gi­li­niň we beý­le­ki ga­dy­my grek hem rim alym­la­ry­nyň eser­le­rin­de duş­mak bol­ýar. Ki­riň pa­ty­şa­lyk eden döw­rün­de Eý­ra­nyň paý­tag­tyn­da il­kin­ji mi­we­çi­lik mek­de­bi­niň düý­bi tu­tul­ýar, şon­da hoz gör­nük­li ýe­ri eýe­läp­dir. Hoz aga­jy «Juglans regia», hoz­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lup, be­lent boý­ly gür şa­ha­la­nan agaç­dyr. Bu da­ragta grek ho­zy ýa-da ada­ty hoz hem diýilýär. «Grek ho­zy» diýilmeginiň se­bä­bi, ol Rus­si­ýa Gre­si­ýa­dan ge­ti­ri­lip­dir. Ýewropa ýurtlarynda bolsa «pars hozy» ýa-da «iňlis hozy» diýlipdir. Da­rag­tyň yl­my adyna «Jug­lans re­gia» diý­ilýär.
Da­ragt ap­rel-maý aý­la­ryn­da gül­läp, sent­ýabr-okt­ýabr aý­la­ryn­da biş­ýär. Ha­syl­ly­ly­gy bol­sa, tak­my­nan 30-50 ýy­lyň do­wa­myn­da 65-100 ki­log­ra­ma ýet­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy şert­le­rin­de hoz aga­jy­ Gar­ry­ga­la, Bä­her­den et­rap­la­ry­nyň çäk­le­rin­dä­ki dag­la­ryň de­re­le­rin­de, Köý­ten­da­gyň çäk­le­rin­dä­ki jül­ge­ler­de, çeş­me­le­riň, ýap­la­ryň bo­ýun­da bit­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz­da hoz me­de­ni ýag­daý­da ös­dü­ril­ýär. Soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, (1999 ý.) Gü­nor­ta-gün­ba­tar Köý­ten­dag­da­ky hoz agaç­la­ry­nyň 800-850 düýbi ösýär. Ol Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­by­na gi­ri­zil­di (1985-1999 ý). Kö­pet­dag we Sünt-Ha­sar­dag go­rag­ha­na­la­ryn­daky ho­zuň maň­zy örän gym­mat­ly önüm bo­lup, onuň dü­zü­min­de 75%-e çen­li ýag, 20% tö­we­re­gi be­lok­lar, 7-16% ug­le­wod­lar, 30-50 mg% C, 0,3 mg% B1 wi­ta­mi­ni, ka­ro­tin we beý­le­ki E, P wi­ta­min­le­ri bar. Maň­zy ku­li­na­ri­ýa­da, kon­di­ter önüm­çi­li­gin­de we baş­ga ýer­ler­de peý­da­la­nyl­ýar. Ho­zuň ýa­gy azyk önüm­le­rin­de, lak, ti­pog­ra­fi­ýa syýasy, tuş taý­ýar­la­mak­da, gur­lu­şyk iş­le­rin­de we baş­ga ýer­ler­de ula­nyl­ýar.
Bo­ýag­lyk üçin ho­zuň ýap­ra­gy, mi­we­si­niň ga­by­gy ula­nyl­ýar. Şo­nuň üçin onuň ýap­ra­gy iýun aý­la­ryn­da ýyg­nal­yp, açyk ho­wa­da gu­ra­dyl­ýar. Ýap­ra­gy, ga­by­gy we mi­we­ýa­ny ma­ta­, ýüň­, ha­ly, şeý­le hem sa­ç bo­ýa­mak­da peý­da­la­nyl­ýar. Mi­we­si­niň ga­by­gy­ny al­mak üçin biş­me­dik wag­ty ýyg­na­lyp, ýy­ly jaý­da gu­ra­dyl­ýar. Ol go­wy gu­ran­da go­ňur reňk­li bol­ýar. Hoz aga­jyn­dan me­le, ga­ra reňk­le­riň dür­li öwüş­gin­le­ri al­nyp, çig mal hök­mün­de giň­den ula­nyl­ýar.

Ha­ýyt­baý Gy­ly­jow,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty, dosent.