Ge­çi­ri­len bar­lag­lar, ýo­ka­ry gan ba­sy­şy we ýü­re­ga­gy­ry­sy bolanlara li­mo­nyň örän peý­da­ly mi­we­di­gi­ni gör­kez­di. Ýo­ka­ry gan ba­sy­şy özü­niň çyn­la­kaý ala­mat­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­man hem bil­ýär. Bu ýag­daý bol­sa, ar­te­ri­ýa­nyň di­war­la­ry­na ze­per ýe­ti­rip bil­ýär. Çün­ki olar he­mi­şe­lik stres se­bäp­li ga­tap, ýe­ter­lik gan ge­çir­mek üçin ze­rur bo­lan gi­ňel­mek uky­by­ny ýi­ti­rip ug­ra­ýar­lar. Bu ýag­daý, ýü­rek­de we beý­ni­de gan aý­la­ny­şy­nyň pe­sel­me­gi­ne ge­tir­ýär. Ne­ti­je­de, ýü­re­ga­gy­ry­nyň ýa-da in­sul­tyň dö­re­me­gi­ne ge­tir­ýär. Gan ba­sy­şy­ny pe­selt­mek üçin ala­da et­mek, dö­räp bi­läý­jek düýp­li nä­saz­lyk­la­ryň öňü­ni al­ýar. Eý­sem, ýö­ne­keý usul ar­ka­ly ony dü­zet­me­giň müm­kin­di­gi ba­ra­da köp­le­riň bil­me­ýän bol­ma­gy hem müm­kin. Gan ba­sy­şy­ny ka­da­laş­dyr­ýan iň oňat mi­we­ler­den bi­ri li­mon­dyr. Bu ba­ra­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Mil­li sag­lyk gul­lu­gy NHS-niň hü­när­men­le­ri ha­bar ber­di­ler.
Hü­när­men­ler «Jo­ur­nal of Nut­ri­ti­on and Me­ta­bo­lism» ne­şi­rin­de çap edi­len mag­lu­mat­la­ra esas­la­nyp, Ýa­po­ni­ýa­da ze­nan­lar­da ge­çi­ri­len bar­la­gyň ne­ti­je­le­ri­ne sal­gy­lan­ýar­lar. Bu mag­lu­mat­la­ra gö­rä, her gün li­mon iý­ýän­le­riň gan ba­sy­şy li­mon iý­me­ýän­le­re ga­ra­nyň­da, pes bo­lup çy­kyp­dyr. Bri­tan luk­man­la­ry­nyň pi­ki­ri­çe, bu mi­we özün­de fla­wo­no­id­ler, C wi­ta­mi­ni we pek­tin ýa­ly peý­da­ly mad­da­la­ry sak­la­ýar. Ola­ryň top­lum­la­ýyn tä­si­ri ne­ti­je­sin­de, da­mar ul­ga­my­nyň ýag­da­ýy go­wu­laş­ýar, ýü­rek ke­sel­le­ri­niň dö­re­mek äh­ti­mal­ly­gy hem pe­se gaç­ýar. Mu­ny 344,488 adam­da ge­çi­ri­len 14 bar­la­gyň ne­ti­je­si tas­syk­la­dy.
Mun­dan baş­ga-da, sy­çan­lar­da ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da sit­rus mi­we­le­ri­niň ýag­ly mad­da­sy bo­lan D-li­mo­ne­niň gan­da­ky ho­les­te­ri­niň de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­la­ýan­dy­gy­ny, «er­bet» ho­les­te­ri­niň de­re­je­si­ni pe­sel­dip, «go­wu­sy­ny» art­dyr­ýan­dy­gy­ny gör­kez­di. Hü­när­men­ler ýü­rek-da­mar ul­ga­my­ny go­wu­lan­dyr­mak, gi­per­to­ni­ýa­dan we ate­rosk­le­roz­dan go­ran­mak üçin li­mon iý­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Şol bir wag­tyň özün­de, du­zuň we doý­gun ýa­gyň or­ta­ça ka­bul edil­me­gi­niň we or­ta­ça fi­zi­ki iş­jeň­li­giň hep­de­de azyn­dan, 150 mi­nut de­re­je­de sak­lan­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi nyg­tal­ýar.