Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim ministrlikleri, bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy bilen bilelikde şu ýylyň 10 – 12-nji oktýabry aralygynda «saglygy goraýyş, bilim we sport berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe» atly halkara sergini geçirýär. Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagty:
10-njy oktýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
11-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
12-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy – Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy.
Telefon belgileri: 39-88-81,(82),(83),(84),(85),(86).
Faks belgisi: 39-89-49.