Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan döwlet Baştutanymyzyň asylly başlangyçlary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň düzümi barha kämilleşdirilýär. Bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamy ösen derejelere çykdy. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda, eziz Diýarymyzda şypahanalaryň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, dürli ugurlara ýöriteleşdirilen hassahanalaryň onlarçasy gurlup, öňden hereket edýänleriniň durky döwrebaplaşdyryldy. Olaryň ählisiniň häzirki zaman lukmançylygynyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilendigini hem buýsançly aýtmak gerek. Saglygy goraýyş ulgamynyň bina edilýän desgalary durmuş maksatly gurluşyklaryň möhüm ugrudyr. Şonuň netijesinde halkymyz ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumyndan peýdalanyp bilýär.
Ine, golaýda şeýle desgalaryň ýene-de birnäçesi ulanmaga berildi. Olaryň ikisi – gojaman Hazary boýlap oturan Balkan welaýatynyň çäklerinde guruldy. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenbaşy şäherinde gurlup, dabaraly ýagdaýda işe girizilen 100 orunlyk Ýokanç keseller hassahanasy hem ýurdumyzda adam saglygy baradaky aladanyň ýokary derejesine güwä geçýär. Täze hassahana ähli babatda dünýä ülňülerine laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. 200-den gowrak iş orunlarynyň döremegini üpjün eden bu hassahanada funksional anyklaýyş, fizioterapiýa, merkezleşdirilen barlaghana, reanimasiýa ýaly bölümleriň birnäçesi bolup, olar Germaniýa, Şwesiýa, Fransiýa, Ýaponiýa, Niderlandlar we Şweýsariýa ýaly ösen döwletleriň kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu ýerde ýörite kislorod bekediniň gurlandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Keselhana berlen «Tiz kömek» awtoulagy hem raýatlaryň hyzmatynda bolar.
Şeýle-de, welaýatyň çäklerinde ulanmaga berlen Magtymguly etrabyndaky etrap hassahanasy hem bu sebitiň raýatlarynyň saglygy ugrunda iş alyp barjak esasy saglyk edaralarynyň birine öwrüler.
Sagdyn hem-de berk bedenli bolmak üçin saglyk bilen bir hatarda sport hem möhümdir. Milli Liderimiziň tagallasy bilen soňky ýyllarda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zerur şertler döredilýär. Stadionlar, sport-sagaldyş merkezleri, köpugurly sport toplumlary sagdyn durmuş ýörelgelerini kada öwren ýaşlaryň söýgüli künjeklerine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk barada alada edilmeýän ýekeje döwlet hem bolan däldir. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr» – diýip belleýär.
Ine, şonuň üçin hem milli Liderimiz adam saglygyny iň belent derejede goýýar. Halkymyzyň saglygy babatda alada edýän milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgeleri babatda hem görelde bolup durýar. Milli Liderimiziň yzygiderli sport bilen meşgullanmagy sagdyn durmuş ýörelgeleriniň bir bitewi toplumyny emele getirdi.
Milli Liderimiz bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ýurdumyzyň her bir raýaty üçin durmuş kadasyna öwrülmegi babatda maksadalaýyk çäreleriň geçirilmegi ugrunda yzygiderli alada edýär. Bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak adamlaryň beden taýdan sagdyn, ruhubelent bolmagyna, ýaşlaryň döredijilik işine höwesiniň artmagyna ýardam berýär.
Soňky ýyllarda medeni-köpçülikleýin çäreleriň sport bilen utgaşdyrylmagy ýaşlary has belent sepgitlere ruhlandyrýar. Bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmegiň, sport bilen meşgullanmagyň adamda ruhubelentlik, maksadaokgunlylyk döredýändigini, saglygyňy pugtalandyrýandygyny durmuş tejribesi görkezýär.
Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň saglygy baradaky aladany berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginlerde ösmeginiň ilkinji şertleriniň biri hökmünde kesgitläp, ony hemişe üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, röwşen geljegimize gönükdirilen beýik tutumlary rowaç bolsun!
Begenç BABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.