Sahara çölüne soňky 50 ýylyň içinde ýedinji gezek gar ýagdy. Bu barada «Daily Mail» neşiri habar berdi.
Alžiriň Sahara çölüniň demirgazygyndaky Aýn-Sefra şäheriniň ýaşaýjylary seýrek tebigy hadysanyň gözli şaýady boldular. Jahankeşdelerdir ýerli ýaşaýjylar tarapyndan ýaýradylan suratlarda ap-ak gara bürenen baýyrlary synlamak mümkin.
2016-njy ýyla çenli Saharada diňe 1979-njy ýylda gar ýagdy. Emma soňky onýyllykda gar ýygy-ýygydan ýagyp başlady. Şeýle hem 2018-nji, 2021-nji, 2022-nji we 2023-nji ýyllarda Sahara gar düşdi. Bilermenler bu ýagdaýy ählumumy maýlama we howanyň durnuksyzlygy bilen baglanyşdyrýarlar. Atlantikadan hem-de Ortaýer deňzinden sowuk howa akymlary Saharanyň çägine aralaşyp, ygal ýagmagyna getirýär.