Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gün­do­gar-gaý­ra bö­le­gin­de de­mir ýo­ly ýa­ka­lap otu­ran 14-nji or­ta mek­dep hä­li-hä­zi­rem gür bag­ly­gy bi­len ün­sü­ňi özü­ne çek­ýär. Bu te­lim ýyl öňem şeý­le­di. Mek­de­biň mi­we­li we sa­ýa­ly bag­la­ry­nyň otur­dyl­ma­gy­nyň hem ös­dü­ril­me­gi­niň hem öz ta­ry­hy bar. Ol bu ugur­da uly iş bi­ti­ren Döw­let aga­nyň ― bo­ta­ni­ka mu­gal­ly­my Döw­let Sa­ry­ýe­wiň ady bi­len bag­la­ny­şyk­ly. Mek­de­biň gö­rel­de­li bi­lim ojak­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­me­gin­de zäh­met hem uruş we­te­ra­ny, zäh­me­t gah­ry­ma­ny Oraz­ber­di Myş­şy­ýew, Hal­my­rat Baý­my­ýew ýa­ly bel­li pe­da­gog­la­ryň hyz­ma­ty­nyň uly bo­lan­dy­gy­ny şu gün­le­rem hor­mat bi­len ýat­la­ýar­lar. Ýö­ne me­niň bu gün­ki söh­bedim Döw­let aga we onuň ýe­tiş­di­ren bag­la­ry ba­ra­da däl. Şu mek­de­biň goý­nun­da şol bag­la­ra ideg eden hem gu­wa­nyp ýa­şan, bi­lim-ter­bi­ýe alyp, uly sun­ga­tyň ak ýo­lu­na dü­şen Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Ata­my­rat Gur­ban­dur­dy­ýew ba­ra­da.
***
Me­ge­rem, ge­çen asy­ryň 80-nji ýyl­la­ry­nyň baş­la­ry bo­laý­sa ge­rek. Türk­men di­li­niň, ede­bi­ýa­tyň, sun­ga­tyň çyn aşy­gy Fa­ti­ma Faý­zul­li­na­nyň ― Pat­ma mu­gal­ly­myň ta­gal­la­sy bi­len tu­tuş synp bo­lup şol wagt­ky Mol­la­ne­pes adyn­da­ky aka­de­mi­ki-dra­ma te­at­ry­na git­dik. Şol gün­ler Or­ta Azi­ýa we Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­la­ry­nyň teatr fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär­di. Bi­ziň bu ýe­re sa­pa­ry­myz Ham­za He­kim­za­de Ny­ýa­zy­nyň «Baý we bat­rak» dra­ma­sy­na ga­bat gel­di. Da­şog­zuň saz­ly-dra­ma te­at­ryn­da sah­na­laş­dy­ry­lan spek­tak­la ýet­gin­jek­lik tol­gun­ma­sy bi­len to­ma­şa et­dik.
Pat­ma mu­gal­lym mu­ny ýö­ri­te et­di­mi ýa tö­tän­den bol­du­my, bi­le­mok. Ýö­ne sah­na­da do­wam eden dart­gyn­ly wa­ka­lar ta­mam­la­nan­soň, ol äý­ne­gi­ni aý­ryp, çyg­ja­ran göz­le­ri­ni sy­lyp dur­şu­na dil­len­di: «Bat­ra­gyň keş­bi­ni ýe­ri­ne ýe­ti­ren ar­tis­ti ta­na­dy­ňyz­my?». Biz bir-bi­ri­mi­ziň ýü­zü­mi­ze se­re­di­şip, eg­ni­mi­zi ýy­gyr­dyk. Ol bol­sa ha­ma­la spek­tak­lyň şow­ly çyk­ma­gyn­da özü­ni­ňem go­şan­dy bar ýa­ly buý­sanç­ly duý­gu­la­ry­ny paý­laş­ma­gy­ny do­wam et­di: «Ýaň­ky Ga­pur Ata­my­rat Gur­ban­dur­dy-da, ol bi­ziň mek­de­bi­mi­ziň uçu­ry­my. Öz bi­lim be­ren okuw­çy­la­ryň şeý­le de­re­jä ýet­se, at-ab­raý al­sa, ony oka­dan, ter­bi­ýe be­ren mu­gal­lym­la­ryň hem ba­şy Gök di­re­ýär».
Elin­de okap, türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty gur­na­gy­na gat­nap ýör­se­mem, Pat­ma mu­gal­ly­myň şeý­le ah­wa­la dü­şe­ni­ni il­kin­ji ge­zek gör­şüm­di. Bu ma­ňa ýi­ti tä­sir et­di. Ol bol­sa kö­şe­şer ýer­de kö­şeş­me­di. Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Ata­my­rat Gur­ban­dur­dy­ýe­wiň mek­dep ýyl­la­ryn­da aga­sy, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Aman Gur­ban­dur­dy­ýe­wiň tä­si­ri bi­len ar­tist­li­gi saý­lap al­şy, soň­lu­gy bi­len il için­de «An­nam bri­gat» ady bi­len ta­na­lan Ta­gan Sa­ry­ýew bi­len bi­le­je okap hem tir­ke­şip, il­ki mek­dep­de, soň Çagalar we ýetginjekler köş­gün­de dö­re­di­len teatr gur­na­gy­na gat­na­ýyş­la­ry­ny ja­ny­gyp gür­rüň ber­di. Edil şol pur­sat özüm­de-de, deň-duş­la­rym­da hem bu ýo­luň nä­de­re­je­de hup­bat­ly­dy­gy ha­kyn­da pi­ki­rem et­män, ar­tist bol­mak hö­we­si dö­re­mä­nem dur­ma­dy. Hy­ýal­bent­li­giň dün­ýä­si­ne dü­şüp, gur­na­gam dö­ret­dik. Ýö­ne bu uzak do­wam et­me­di. El­bet­de, «Bi­zem py­la­ny ýa­ly ar­tist bol­jak» di­ýe­niň ýe­ter­lik däl. Her bir iş­de ze­hin-uky­bam, yh­la­sam ge­rek. Çün­ki sun­gat diý­mek ― da­ma­na ýo­ly ýa­ly kö­tel ýol. Bu ýo­la düş­mek, ony ab­raý bi­len ge­çip, sah­na be­lent­li­gi­ne çyk­mak her ke­se ba­şar­dyp du­ra­nok. Men bu ha­ky­ka­ta soň-soň žur­na­lis­ti­ka­nyň ýo­lu­na dü­şüp, Mu­ham­met Çer­kez, Aman Gur­ban­dur­dy ýa­ly be­ýik teatr hem ki­no us­sat­la­ry bi­len söh­bet­deş bo­la­nym­da ma­gat göz ýe­tir­dim.
***
El­bet­de, bir spek­tak­lyň çä­gin­de, bir keş­biň tä­si­rin­de ar­tis­te ba­ha ber­mek aň­sat däl. Şo­nuň üçi­nem, Ata­my­rat aga ba­ra­da ýaz­ma­ga gi­ri­şe­nim­de ar­hiw ma­te­ri­al­la­ry­dyr döw­rüň aý­na­sy ha­sap­lan­ýan ga­zet-žur­nal­lar­dan peý­da­lan­dym. Ola­ryň ara­syn­da dür­li ýyl­lar­da «Ede­bi­ýat we sun­gat», «Turk­mens­ka­ýa isk­ra», «Da­şo­guz ha­bar­la­ry»… ýa­ly ne­şir­ler bar. Olar­da çap edi­len ma­ka­la­lar di­ňe bir Pat­ma mu­gal­ly­myň ýat­la­ma­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­män, eý­sem, Ata­my­rat Gur­ban­dur­dy­ýe­wiň nä­hi­li hoş­gy­law adam, uly ar­tist bo­lan­dy­gy­ny kem­siz gör­ke­zip dur.
…Ge­çen asy­ryň 50-nji ýyl­la­ryn­da Aş­ga­ba­dyň 14-nji or­ta mek­de­bin­de oka­ýan iki og­lan­jyk şol wagt­ky Mol­la­ne­pes adyn­da­ky aka­de­mi­ki-dra­ma te­at­ry­nyň he­mi­şe­lik to­ma­şa­çy­sy­na öw­rül­di. Olar­da, aý­ra­tyn-da, «Otu­zyn­jy ýyl­lar» spek­tak­ly uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär­di. Teatr­dan öý­le­ri­ne gaý­dyp bar­ýan og­lan­jyk­lar ýol­bo­ýy iki dün­ýä­niň ara­syn­da­ky gap­ma-gar­şy­lyk­ly dra­ma wa­ka­la­ry­nyň tä­si­rin­den çy­kyp bil­mez­di­ler. Synp­daş­la­ry­nyň ara­syn­da bu oýun­dan par­ça­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­rip, he­zil be­rer­di­ler. Ola­ryň her­si bir gah­ry­ma­nyň keş­bi­ne gi­rip, öz­le­ri­çe dür­li he­re­ket­le­ri gaý­ta­lar­dy­lar. Teatr sun­ga­ty­na aşyk bu iki og­lan­jyk Ata­my­rat Gur­ban­dur­dy­ýew bi­len Ta­gan Sa­ry­ýew­di.
Gün­le­riň bir gü­ni mek­dep­de dra­ma gur­na­gy dö­re­dil­ýär. Dost­lar oňa il­kin­ji bo­lup ýa­zyl­ýar­lar. Ede­bi­ýat mu­gal­lym­la­ry­nyň kö­me­gi bi­len «Otu­zyn­jy ýyl­lar» spek­tak­lyn­dan bir wa­ka­ny sah­na­laş­dy­ryp, deň-duş­la­ry­na gör­ke­zer eken­ler. Şon­da Ata­my­rat Kör bag­şy­nyň keş­bi­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rip­dir.
Bir ýo­la bol­sa ra­dio­da go­ýul­ýan oýun­la­ryň bi­rin­de okuw­çy se­si ge­rek bo­lan­da, Pio­ner­ler köş­gü­niň dra­ma gur­na­gy­nyň ýol­baş­çy­sy M.Kep­ba­now Ata­my­ra­dy saý­lap al­ýar. Ra­diooý­nuň re­žis­s­ýo­ry bol­sa: «Sen­de ar­tist­li­ge bo­lan ukyb-a bar. Ýö­ne bu ýe­ter­lik däl, ze­hi­ni zäh­met tap­la­ýar» di­ýip­dir. Şeý­di­bem, Ata­my­rat ar­tist­li­ge bar­ýan ýol­da il­kin­ji ädim­le­ri­ni ädip­dir.
1959-njy ýyl. Ata­my­rat Mol­la­ne­pes adyn­da­ky aka­de­mi­ki-dra­ma te­at­ry­nyň ýa­nyn­da açy­lan stu­di­ýa­nyň ga­py­sy­ny aç­ýar. Ýö­ne ol bu ýer­den la­py­keç hal­da do­la­nyp gel­ýär. Se­bä­bi onun­jy syn­py gu­tar­ma­dyk­la­ry stu­di­ýa ka­bul et­me­ýän eken­ler. Ata­my­ra­da on­ýyl­ly­gy ta­mam­la­mak ge­rek­di. Em­ma onuň­ky ýe­ne ug­ru­na bol­ma­ýar. Oku­wy­ny ta­mam­lan ýy­ly bol­sa stu­di­ýa ta­lyp ka­bul edil­me­ýän­ eken. Te­at­r ins­ti­tut­lar­yn­dan hem ge­lip gow­şan şeý­le ha­bar­lar, kal­by joş­gun­ly ýaş ýi­gi­diň wagt ýi­tir­män, res­mi­na­ma­la­ry­ny Aş­ga­ba­dyň Ga­ra Se­ýit­li­ýew adyn­da­ky me­de­ni aň-bi­lim teh­ni­ku­my­na tab­şyr­ma­gy­na ge­tir­ýär. Oku­wa ka­bul edi­len ta­lyp köp wagt geç­män­kä go­şun gul­lu­gy­na ça­gy­ryl­ýar. Gul­luk bor­ju­ny ýe­ri­ne ýe­ti­rip ýö­ren dö­wür­le­rem ol sah­na küý­se­ýär­di. Mu­ny aga­sy Ama­na ýa­zan her bir ha­tyn­da di­ýen ýa­ly mä­lim ed­ýär­di.
Go­şun gul­lu­gy­nyň soň­ky aý­la­ryn­da Ata­my­ra­dyň yzyn­dan ge­len hat onuň gö­wün gu­şu­ny al-as­ma­na gö­te­rip­di. Onuň stu­di­ýa oku­wa gir­mek ba­ra­da­ky ha­ty­na ka­na­gat­la­nar­ly jo­gap be­rip­di­ler.
Stu­di­ýa­ny gu­ta­ran og­lan-gyz­la­ryň her haý­sy­ny bir ýe­re işe iber­di­ler. Ata­my­rat Gur­ban­dur­dy­ýew Da­şog­zuň şol wagt­ky döw­let saz­ly-dra­ma te­at­ryn­da zäh­met ýo­lu­na baş­la­dy. Ol bu ýer­de gys­ga dö­wür­de ulu­ly-ki­çi­li el­lä go­laý keşp dö­re­dip, to­ma­şa­çy­la­ryň söý­gü­si­ni ga­zan­ma­ga ýe­tiş­di. Ata­my­ra­dyň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän keşp­le­ri­ne to­ma­şa eden­ler onuň ir­gin­siz göz­leg­de­di­gi­ne göz ýe­tir­ýär­di­ler. Se­bä­bi onuň dö­re­den, ýa­sa­ma­ly­gyň ýo­kun­du­sy hem du­ýul­ma­ýan dür­li keşp­le­rin­de dur­muş­da ga­bat gel­ýän is­len­dik ada­my­ny gör­mek bol­ýar­dy. Is­le, ol daý­han bol­sun, is­le iş­çi, ýa ta­ry­hy keşp, ta­pa­wu­dy ýok, Ata­my­rat şol keş­be gir­mek bi­len on­da ýa­şa­ma­gy ba­şar­ýar­dy. «Baý we bat­rak­da­ky» Ga­pur, «Köý­ten na­la­syn­da­ky» Ar­zy, «Sal­tyk­da­ky» Sol­tan, «Leý­li-Mej­nun­da­ky» Mej­nun, «Zöh­re-Ta­hyr­da­ky» Ta­hyr… ýa­ly jan­lan­dy­ran on­lar­ça keşp­le­ri bi­len us­sat­ly­ga ýe­ten­di­gi­ni kem­siz mä­lim edip bi­lip­di. Mu­ny, me­ge­rem, bel­li kom­po­zi­to­ry­myz Hy­dyr Al­la­nu­row­dan go­wy aý­dyp bol­ma­sa ge­rek: «Ata­my­rat Gur­ban­dur­dy­ýe­wiň dö­re­den keşp­le­ri dür­li gör­nüş­li keşp­ler top­lu­my bo­lup, olar ýüz­ler­çe gül­ler­den bog­lan çe­me­ni ýat­lad­ýar».
***
In­di Ata­my­rat ha­ly­pa bi­len bi­le­je okan, iş­län adam­la­ryň ýat­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­ma­gyň hem wag­ty ge­li­ber­di. Türk­me­nis­ta­nyň Baş dra­ma te­at­ry­nyň sah­na us­sa­dy, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti, sun­ga­ty öw­re­ni­ji žur­na­list Gü­lä­lek Ak­my­ra­do­wa­nyň Ata­my­rat Gur­ban­dur­dy­ýew bi­len bi­le okan hem iş­län Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Oraz­gül Ap­ba­so­wa hem-de Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Ba­ba­dur­dy Ba­ba­ýew bi­len gu­ran söh­bet­deş­li­gin­den par­ça­lar bi­len ta­nyş­mak hem oky­jy­lar üçin gy­zyk­ly bol­sa ge­rek.
Oraz­gül Ap­ba­so­wa:
― Ata­my­rat bi­len teatr ug­run­dan bi­le okap­dyk. Mol­la­ne­pes adyn­da­ky aka­de­mi­ki-dra­ma te­at­ry­nyň bi­na­syn­da­ky teatr stu­di­ýa­syn­da üç ýyl bi­le­je tä­lim al­dyk. Bi­zi Mosk­wa­dan ge­len bir mu­gal­lym bi­len Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Aman Gur­ban­dur­dy­ýew oka­dyp­dy. Ga­raz, on­lar­ça og­lan-gyz bi­len bi­le­lik­de do­gan ýa­ly­ bo­lup, bir to­par­da teatr ug­run­dan us­sat ha­ly­pa­lar­dan tä­lim al­dyk. Ata­my­rat tu­ruw­baş­dan ara­myz­dan saý­la­nyp ug­ra­dy. Adam­kär­çi­li­gem şeý­le go­wy og­lan­dy. Bi­ze ― to­par­daş­la­ry­na hem­me­ta­rap­la­ýyn kö­mek eder­di. Baş­da mu­gal­lym­la­ryň aýd­ýan zat­la­ry­na kän ­bir dü­şün­män al­jy­raň­ňy­ly­ga dü­şer­dik. Şon­da Ata­my­rat der­rew bi­ze kö­me­ge ýe­ti­şer­di. Ýa­şa­ýan ýe­rem Aş­ga­bat şä­he­rin­de bo­lan­soň, we­la­ýat­dan ge­len og­lan-gyz­la­ry öý­le­ri­ne äki­dip, na­har bi­şi­rip be­rer­di. Nä­me, ol wagt­lar bu wagt­ky ýa­ly bo­le­lin dur­muş bar­my?! 20 ma­nat­jyk ta­lyp ha­ky­myz bar­dy. Eka­byr aga­myz ýa­ly, Ata­my­rat bi­ziň ala­da­my­zy ga­ty köp eder­di…
Ýe­ne bir haý­ran ga­lan za­dy­myz, mu­gal­ly­my­myz Aman Gur­ban­dur­dy­ýew Ata­my­ra­dyň süýt­deş aga­sy eken. Biz ony soň bi­lip gal­dyk. Se­bä­bi, Aman mu­gal­lym Ata­my­ra­dy «Şu me­niň ji­gim-ow» di­ýip hiç aý­ra tut­maz­dy, bi­ziň bi­len deň gö­rer­di. Hem­mä­mi­ze bol­şy ýa­ly, oňa-da ga­ty ta­lap­kär­di. Bi­zem mu­gal­lym­la­ryň öw­red­ýän zat­la­ry­ny çyr-çy­tyr öz­leş­dir­mä­ge çal­şar­dyk. Hem­mä­mi­zi­ňem ar­tist, on­da-da, go­wy ar­tist bo­la­sy­myz gel­ýär­di…
Şol dö­wür­ler Da­şog­zuň we­la­ýat te­at­ryn­da ýa­zy­jy Sa­hyp­je­ma­lyň «Kör gy­zyň tä­le­ýi» at­ly ow­gan dur­mu­şyn­dan bir sah­na oý­ny go­ýul­dy. Şon­da re­žiss­ýor baş gah­ry­man Ne­di­riň keş­bi­ni Ata­my­ra­da ynan­dy. Baş gah­ry­man gy­zyň keş­bi­ni hem ma­ňa ynan­dy­lar. Ata­my­rat bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ren sah­na­myz kän bo­lan­soň, bi­le­je köp iş­le­dik. Baý, ol keş­bi ga­ty go­wy jan­lan­dy­rar-da. Şu wag­ta çen­lem her bir he­re­ke­ti, bol­şy ýa­dym­dan çy­ka­nok. Ata­my­ra­dy her re­žiss­ýor öz sah­na oý­nun­da çy­kyş et­di­re­si gel­ýär­di. Onuň ze­hin­li­li­gi, ja­nyp­keş­li­gi, düş­bü­li­gi beý­le­ki ar­tist­ler­den gör­ne­tin ta­pa­wut­lan­ýar­dy. Ga­raz, soň yk­bal me­ni Mol­la­ne­pes adyn­da­ky aka­de­mi­ki-dra­ma te­at­ry­na ge­tir­di. Ata­my­rat, ýe­ne-de bir­nä­çe og­lan-gyz­la­ry­myz ol ýer­de gal­dy­lar. He­niz-he­niz­le­rem ýe­ke­räk wag­tym ge­çen ýo­lu­ma ― ýaş­ly­gy­ma na­zar aý­la­ýan… Ol ýer­de hy­juw­ly, ze­hin­li deň-duş­la­ry­myň için­de saý­la­nyp du­ran Ata­my­ra­dy gör­ýän… Ol en­di­gi bo­ýun­ça, he­ni­zem ja­ny­gyp ma­ňa bir zat­lar dü­şün­di­rip otu­ran ýa­ly…
Ba­ba­dur­dy Ba­ba­ýew:
― Ata­my­ra­dyň ot­lu­dan dü­şüp, Da­şo­guz top­ra­gy­na il­kin­ji ge­zek ga­dam ba­san gü­ni hem ýa­dym­da… 1979-njy ýyl­da Mol­la­ne­pes adyn­da­ky aka­de­mi­ki-dra­ma te­at­ry­nyň ýa­nyn­da­ky teatr stu­di­ýa­sy­ny ta­mam­lap, Nur­mu­ham­met An­da­lyp adyn­da­ky dra­ma te­at­ry­na işe ýol­lan­dym. Tu­ruw­baş­dan ha­ly­pam, teatr stu­di­ýa­syn­da­ky mu­gal­ly­mym Aman Gur­ban­dur­dy­ýe­wiň ini­si Ata­my­rat ha­ly­pa­nyň şä­girt­le­re, öz işi­ne, teatr sun­ga­ty­na ge­zek ge­len­de hos­sar­çyl, ala­da­çyl adamdygyna göz ýe­tir­dim. Ol bi­ze ýu­waş-ýu­waş­dan ha­ly­pa­lyk go­lu­ny uza­dyp baş­la­dy. Okuw bir baş­ga eken, teatr dün­ýä­si­ne ara­la­şyp, işe baş­laň­soň, tej­ri­be ýo­ly bir baş­ga eken.
Sah­na­da ha­ly­pa re­žiss­ýor Ça­ry Mom­ma­do­wyň sah­na­laş­dy­ran «Baý we bat­rak» spek­tak­ly gid­ýär­di. Bu eser öz­bek hal­ky­nyň dur­mu­şyn­dan­dy. Baş gah­ry­ma­nyň keş­bin­de bol­sa, Ata­my­rat Gur­ban­dur­dy­ýew çy­kyş ed­ýär­di. Ol sah­na­da düý­bün­den baş­ga ada­ma öw­rü­läý­ýän eken-ä. Hy­juw­ly, do­gum­ly gah­ry­man ýi­git Ga­pu­ryň keş­bi­ni şeý­le bir jan­lan­dy­ryp­dy we­lin, heý, go­ýaý… Şol dö­wür­ler­de teatr­la­ryň ara­syn­da tej­ri­be alyş­mak üçin paý­tagt­da­ky teatr­lar bi­len we­la­ýat teatr­la­ry­nyň ara­syn­da go­laý gat­na­şyk bar­dy. Ana, şol «Baý we bat­rak» spek­tak­lyn­da hem bel­li ar­tist­ler­den So­na My­ra­do­wa, Ýe­li­za­we­ta Ga­ra­ýe­wa da­gy hem çy­kyş et­di. Şon­da us­sat ha­ly­pa So­na My­ra­do­wa­nyň Ata­my­rat aga­nyň bu işi­ne be­ren ba­ha­sy ga­ty ýo­ka­ry bol­dy. Ol: «Şu wag­ta çen­li Ga­pu­ryň keş­bi­ni kän ar­tist jan­lan­dyr­dy. Ýö­ne, Ata­my­ra­dyň Ga­pu­ry olar bi­len de­ňeş­di­re­niň­de ga­ty uly ta­pa­wut ed­ýär» di­ýip­di. So­na My­ra­do­wa­nyň bu söz­le­ri he­ni­zem gu­la­gym­dan gi­de­nok. Ýe­ne bir gu­wan­dy­ry­jy zat, bu ese­re goň­şy döw­let­ler­den ge­len öz­bek do­gan­la­ry­myz hem to­ma­şa edip­dir­ler. Sah­na oý­ny ta­mam­la­na­nyn­dan soň, olar bu eser hak­da, aý­ra­tyn hem Ata­my­rat aga­nyň us­sat­ly­gy hak­da köp gür­rüň et­di­ler…
***
Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Ata­my­rat Gur­ban­dur­dy­ýe­wiň ýat­la­ma dep­de­rin­de şeý­le ýaz­gy­la­ra duş gel­dim: «Kär­deş­le­ri­miň di­lin­de py­lan keş­bi oý­na­dym diý­mek ýoň bo­lup­dyr. Bu as­la he­ňe ge­le­nok. Sah­na ese­ri­ni ýa­za­nyň, re­žiss­ýo­ryň, dö­re­di­ji­lik to­pa­ryň, ga­ly­ber­se-de, to­ma­şa­çy­nyň yna­my di­ýen uly bir zat bar. Ony öde­mek üçin jan­lan­dyr­ýan keş­bi­ňi oý­na­ma­ly däl-de, şol keşp­de ýa­şa­ma­ly. Dur­kuň-düýr­me­giň bi­len oňa ber­lip, hup­bat­ly hy­syr­dy­la­ry baş­dan ge­çir­me­li. Keş­bi «oý­na­jak» bol­saň we­lin, onu­ňam se­ni oý­nap otu­ry­ber­je­gi bel­li. Şo­nuň üçin bu me­se­le­de türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň, sun­ga­ty­nyň düý­bü­ni tu­tan ägirt­le­riň dö­re­di­ji­li­gi bu ýo­la dü­şen hem düş­ýän ýaş­la­ra nus­ga bol­ma­ly.
Me­niň öm­rü­miň ha­ly­pa­la­ry owal baş­da 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk ur­şun­da Wa­tan üçin ba­şy­ny go­ýan ka­kam Gur­ban­dur­dy Ga­ra­ja­ýew, dört ogul, iki gy­zy ýe­tim­lik­den mer­te­be na­my­sy­ny de­pe­sin­de gö­te­rip, adam eden kä­bäm ejem Sol­tan­je­mal, eziz aga­la­rym Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky döw­let baý­ra­gy­nyň eýe­si Aman­gel­di Gur­ban­dur­dy­ýew, bi­reg­ne 40 ýyl­dan gow­rak Aş­ga­ba­dyň aý­na kom­bi­na­tyn­da iş­çi kä­rin­de zäh­met­de bi­şi­şen Türk­me­nis­ta­nyň se­na­gat­da at ga­za­nan iş­gä­ri Re­jep­gel­di Gur­ban­dur­dy­ýew, öm­rü­ni oba ho­ja­ly­gy­na ba­gyş eden An­na­mäm­met Gur­ban­dur­dy­ýew iki dün­ýe buý­san­jym­dyr. Iki na­çar do­gan­la­rym Aman­sol­tan, Aman­gö­zel 1948-nji ýy­lyň pa­jy­ga­syn­da ýer­de gal­dy­lar. Dur­muş, iş tej­ri­bäm­de bir za­da anyk göz ýe­tir­dim. Adam­da iň esa­sy zat, il­ki bi­len be­lent adam­kär­çi­lik ge­rek. Bu iki dün­ýe Yn­san bol­ma­gy ba­şar­ýa­na aň­sat, ba­şar­ma­ýa­na kyn. Adam­kär­çi­li­giň bol­ma­sa sy­lag-hor­ma­ty­ňam jyz­la­nyň öm­ri ýa­ly­dyr. Bir akyl­da­ryň aý­dy­şy ýa­ly, «Gör­nü­şiň ýa­ly bol ýa-da bol­şuň ýa­ly gö­rün» diý­le­ni hak. Şu pä­him me­niň tu­tuş öm­rüm­de esa­sy ýö­rel­gäm bol­dy…».
***
Her ge­zek us­sat­ly­gy bi­len beý­ge­len ar­tist or­ta çy­kan­da, sah­na-da beý­ge­lip, tä­ze be­lent­li­ge çy­kan ýa­ly bol­ýar. Mu­ny il­ki bi­len ta­lap­kär to­ma­şa­çy duý­ýar. Gu­jak-gu­jak gül­ler, do­wam­ly el­çar­pyş­ma­lar mu­nuň şeý­le­di­gi­ni gör­ke­ze-gör­ke­ze gel­ýär. Bu ― sun­ga­ty, sah­na­ny be­len­de çy­ka­ran us­sat­la­ryň zäh­me­ti­ne go­ýul­ýan hor­mat-sar­pa­dan ny­şan. Te­at­ry il­kin­ji öýi sa­ýan, öm­rü­ni sun­ga­ta ba­gyş eden, ara­myz­da sag-aman ge­zip ýö­ren­li­gin­de 6-njy no­ýabr­da 80 ýa­şa­ma­ly Ata­my­rat ha­ly­pa hem türk­men teatr sun­ga­ty­nyň ta­ry­hyn­da uly iş bi­ti­ren şeý­le us­sat­la­ryň bi­ri hök­mün­de ha­ky­da­lar­da gal­dy.

Goç­na­zar HEŞ­DE­KOW.