UEFA Konferensiýa Ligasynda-da 1/8 finalyň 1-nji duşuşyklary oýnalyp, ýaryşyň faworitlerinden “Şahtýor Donesk” topary myhmançylykda Polşanyň “Leh Poznan” toparyny 3-1 hasabynda utdy. Ukrain klubunyň gollaryny Marlon Gomes, Newerton hem-de Isak geçirdi. Gresiýanyň paýtagty Afinynyň AEK topary myhmançylykda Sloweniýanyň “Selýe” toparyndan 4-0 hasabynda üstün çykyp, çärýek finalyň bosagasyndan ilkinji ädimi ätdi. Çempionlygyň başga bir dalaşgär, bu ýaryşda 2 gezek finala çykan “Fiorentina” topary öz meýdançasynda Polşanyň “Rakuw” toparyny 90-njy minutdan soň geçirilen penalti goly bilen ýeňmegi başardy.
1/8 finalyň 1-nji duşuşyklarynyň netijeleri:
LEH POZNAN – ŞAHTÝOR DONESK: 1-3
/Ishak 70 – Marlon Gomes 36, Newerton 48, Isak 85/
AZ ALKMAAR – SPARTA PRAGA: 2-1
/Parrott 29, 87 – Woýta 50/
KRISTAL PALAS – AEK LARNAKA: 0-0
FIORENTINA – RAKUW ÇENSTOHOWA: 2-1
/Ndur 62, Gudmundsson 90+3 p – Brunes 60/
SAMSUNSPOR – RAÝO WALLEKANO: 1-3
/Muandilmaji 21 – Alemao 15, 78, Garsiýa 40/
SELÝE – AEK AFINY: 0-4
/Warga 3, Koita 33, Gaçinowiç 36, Mukodi 49/
SIGMA OLOMOUS – MAÝNS: 0-0
RIÝEKA – STRASBUR: 0-1
/Maýstrowiç 76 – Paniçelli 2, Godo 72/
PDF









