Sakgyç çeýnemek agyz boşlugyny arassalamaga we stresi azaltmaga kömek edýär. Muňa garamazdan eňek we iýmit siňdiriş bilen bagly, şeýle hem bedene mikroplastik bölejikleriň täsir etmegi bilen bagly käbir töwekgelçiliklere sebäp bolýar. Hünärmenler sakgyç çeýnemegiň peýdaly we zyýanly taraplaryny seljerip, şeýle netijä geldiler.
ABŞ-da geçirilen barlaglara 3 müňden gowrak adam gatnaşdy. Meýletinçileriň 60 göterimden gowragynyň ortaça 6 aýda bir gezek sakgyç çeýneýändigi habar berildi. Lukmanlaryň gelen netijesine görä, sakgyç agyzdaky kislotany zyýansyzlandyryp, dişleri çüýremekden gorap saklaýan tüýküligiň bölünip çykmagyna ýardam edýär. Sakgyç agyz boşlugyndaky we dişleriň arasyndaky iýmit galyndylaryny aýyrýar. Agzyň guramagynyň öňüni alyp, dem alşy gowulandyrýar. Esasan hem, şekersiz sakgyç dişler üçin has gowudyr.
Geçirilen barlaglara görä, nahardan soň her gün 15-20 minut sakgyç çeýnemek agyz boşlugynda döräp biljek bakteriýalary 17 göterime çenli azaldýar. Şeýle hem käbir adamda naharlanylandan soň döreýän ýürek bulanma alamatlaryny sakgyç çeýnemek arkaly aýryp bolýar. Sakgyç çeýnemegiň käbir adamyň pikirini jemlemäge we stres alamatlaryny azaltmaga ýardam edýändigi ýüze çykaryldy.
Häzirki wagtda hünärmenler sakgyç çeýnemegiň peýdaly taraplarynyň sebäbini anyk bilmeýärler. Ýöne sakgyç çeýnemegiň gan aýlanyşyny çaltlandyryp, beýnini işjeňleşdirýändigi baradaky garaýşy öňe sürýärler.
Hünärmenler sakgyç çeýnemegiň zyýanly taraplary barada hem belläp geçýärler. Aşa köp sakgyç çeýnelende aşgazanda kislota önümçiligi ýokarlanyp, gyjynma ýa-da ýürek bulanma ýaly alamatlara sebäp bolup biler. Esasan hem, aç garnyňa sakgyç çeýnemek zyýanly hasaplanýar.
Käbir ýagdaýlarda bilmezden sakgyç ýuwdulýar. Aşgazana düşen sakgyç eremeýär ýa-da özleşmeýär. Ýuwdulan sakgyç çişme, ýellenme we garyn agyrysy ýaly alamatlary döredip, bir hepdeden birnäçe ýylyň dowamynda bedenden çykyp gidýär. Hünärmenleriň pikiriçe, sakgyçda polietilen we poliwinil asetat ýaly plastmassa galyndylary saklanýar. Bu maddalar sakgyja çeýelik berýär. Sakgyçdaky plastmassa galyndylary dişe ýapyşýar we tüýkülik arkaly iýmit siňdiriş ulgamyna barýar. Bu bolsa saglyga oňaýsyz täsir edýär. Soňky geçirilen barlaglarda plastmassa bölejikleriniň sakgyç çeýnelip başlanandan birnäçe minutyň dowamynda dişe ýapyşýandygy ýüze çykaryldy. Şonuň üçin tagamyny ýitiren dessine sakgyjyň täzesini çeýnemegiň deregine şol bir sakgyjy çeýnemek zyýansyz bolup biler. Ýere taşlanan sakgyç 20-25 ýyl aralygynda topraga garylýar. Şol sebäpli sakgyjy ýere taşlamakdan saklanmaly. Çeýnäp bolanyňdan soň, sakgyjy gabygyna ýa-da kagyz süpürgije dolap, zibil gutusyna oklamaly.
5 ýaşa ýetmedik çagalara sakgyç çeýnemäge rugsat berilmeýär. Şeýle hem köp ýurtda arassaçylygy berjaý etmek we ünsüňi sapaklardan sowmazlyk üçin mekdeplerde sakgyç çeýnemek gadagan edilýär.
Singapurda sakgyç satmak gadagan bolup, çeýnemek hem çäklendirilýär. Iň köp sakgyç çeýnelýän ýurt Andorra bolup, bir adam her ýyl ortaça 900 gram sakgyç çeýneýär. Sakgyç önümçiliginde Hytaý, Meksika we Türkiýe öňdeligi eýeleýär.