Marokkoda dowam edýän 35-nji Afrika Milletler Ligasynda 2 günde 3 duşuşyk geçirildi.
“A” toparçada Mali bilen Zambiýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan bolmady. Duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlanyp, Zambiýanyň ýygyndysy 90-njy minutdan soň ýeňlişden halas boldy (Sinaýoko 61 – Patson Daka 90+2).
“B” toparçada 2 duşuşyk hem 2-1 hasabynda tamamlandy. Günorta Afrikanyň ýygyndysy Angolanyň ýygyndysyny Appollisiň 21-nji hem-de Laýl Fosteriň 79-njy minutdaky gollary esasynda ýeňiş gazandy. Angolalylaryň ýeke-täk goluny 35-nji minutda Şow geçirdi.
Edil şonuň ýaly, Müsüriň ýygyndysy hem Agadir şäherinde Zimbabweniň ýygyndysyny kynlyk bilen oýnuň soňky pursatlarynda geçiren goly esasynda ýeňmegi başardy. Duşuşykda zimbabweliler Prins Dýubeniň 20-nji minutdaky goly bilen öňe geçdi. Müsüriň ýygyndysy 2-nji ýarymda “Premier Ligada” oýnaýan ýyldyzlarynyň gollary bilen ýeňiş gazandy. Bu ýaryşyň iň köp çempionlyk gazanan toparyna ýeňiş getiren gollary 64-nji minutda Omar Marmuş bilen 90+1-nji minutda Mohamed Salah geçirdi.
Çempionatyň 3-nji gününde, ýagny şu gün 4 duşuşyk geçirilip, Kongo DR – Benin (17:30), Senegal – Botswana (20:00), Nigeriýa – Tanzaniýa (22:30) hem-de Tunis – Uganda (01:00) duşuşyklary oýnalar.
PDF









