“Liwerpul” toparynyň müsürli ýyldyzy Mohamed Salah möwsümiň ahyrynda klubdan gidýändigini habar berdi. Ol bu habary sosial media hasabyna goýan wideorolik arkaly beýan etdi. Salah: “Men bu klubdaky hemmelere köp sag bolsun aýdýaryn. Esasan hem öňki-soňky topardaşlaryma, şol sanda meni hemişe goldan klubuň ähli janköýerlerine minnetdarlygymyň çägi ýok.  Men siziň goldawlaryňyzy hiç haçan ýatdan çykarman. Bu klub hemişe meniň öýüm bolup galar. Men mundan soň ýalňyz ýöremerin” diýip belläp geçdi. Ol kyn hem bolsa şeýle netijä gelendigini-de aýtdy.

Geçen ýylyň çempiony “Liwerpul” topary möwsüme şowly başlanam bolsa, soňlugy bilen yzygiderli ýeňişler gazanmakda kynçylyklar çekip başlady. Şol döwürlerde Salah bilen tälimçi Arno Slotuň arasyna tow düşüp, taraplar kyn pursatlary hem başdan geçiripdi we müsürli futbolçynyň gyşda klubuny üýtgetjekdigi barada-da habarlar ýaýrap başlapdy.

2017-nji ýylyň tomsunda “Liwerpulyň” düzümine goşulan Salah iňlis toparynda 9 möwsümde 9 kubok gazandy. “Premier Ligada” 2, Çempionlar Ligasynda 1 gezek çempion bolan Salah “Liwerpulda” FA Kubogyny, Liga Kubogyny, “FA Community Shield” Kubogyny, UEFA Super Kubogyny, FIFA Klublar Dünýä Kubogyny hem eýelemegi başardy.

 

Ol 435 oýunda 255 gol geçirdi, 122 asist etdi. Salah 191 (189-sy “Liwerpulda”) gol bilen APL-niň iň köp gol salan 4-nji, şol bir wagtyň özünde-de “Premier Ligada” iň köp gol geçiren daşary ýurtly we afrikaly futbolçydyr. Salah “Liwerpulda” hem-de “Premier Ligada” başga-da birnäçe statistikalarda öňdäki orunlary eýeleýär. 2 gezek ýylyň futbolçysy saýlanan Salah 7 sapar hem aýyň futbolçysy hökmünde ykrar edilip, bu ugurda rekordy Serhio Aguero hem-de Harri Keýn bilen paýlaşýar.

33 ýaşyndaky Salah özüniň futbol ýoluna ýurdunyň “Al-Mokawlun” toparynda başlap, Şweýsariýanyň “Bazel” Angliýanyň “Çelsi” hem-de Italiýanyň “Fiorentina”, “Roma” toparlarynyň hem köýnekçesini geýdi.

Salah bilen mundan öňki 2-3 transfer möwsüminde Saud Arabystanynyň klublary içgin gyzyklanyp, ony rekord baha-da transfer etmek isläpdiler. Ýöne müsürli futbolçy “Liwerpulda” galanyny kem görmändi. Ýyldyz oýunçynyň arap ýa-da amerikan klublarynyň biri bilen şertnama baglaşmagyna garaşylýar.