«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda oba hojalygynda gazanylýan her bir üstünlik ilatymyzyň abadan durmuşynyň binýadydyr. Ýurdumyzyň toprak-howa aýratynlyklaryny nazara almak bilen, oba hojalyk ekinleriniň görnüşleriniň artdyrylmagy, olardan bol hasyl almak ugrunda irginsiz tagallalar edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, Garaşsyz döwletimiziň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga ýurdumyzda ähli şertler döredilýär.
Şonuň üçin ýurdumyzda oba hojalygynda durmuşa geçirilýän oba maksatnamalaryna uly ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde, ýylyň-ýylyna pagtadan, bugdaýdan, şalydan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alynýar. Oba hojalygy hem-de azyk bolçulygy üçin möhüm bolan şaly önümçiligi hem ýurdumyzda giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Şu ýylky oba hojalyk möwsüminde şalynyň bol hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Munuň üçin döwletimiz tarapyndan 18 müň 300 gektara şaly ekmek meýilleşdirildi we şondan 82 müň 400 tonna hasyla garaşylýar. Daşoguz welaýatynda 8 müň 100 gektardan 35 müň tonna, Lebap welaýatynda bolsa 10 müň 200 gektardan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynda şaly ekmäge mümkinçilik berildi.
Şaly önümçiliginde howa şertlerine laýyk gelýän, bol hasyl berýän, zyýankeşlere garşy durnukly şaly görnüşleri ekilýär. Şaly ekmek üçin ýöriteleşdirilen Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalynyň ýokary sortuny ösdürip ýetişdirmek boýunça ýeterlik tejribesi bar. Etrabyň «S.A.Nyýazow» daýhan birleşiginiň şalyçylary bolsa azyndan 35 müň tonnadan gowrak bu däneli ekini ýygmagy maksat edinýär. Etrapda şalyny arassalamaga we kärendeçileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýän döwrebap enjamlaşdyrylan desga ýygnaljak hasyly täzeden işlär.
Oba hojalyk ekinleriniň müňlerçe görnüşleriniň biri hem-de has gymmatly görnüşi şalydyr. Däneli ekinleriñ arasynda şaly iñ ýokary mukdarda krahmaly saklaýandygy we ýokary kaloriýalylygy bilen tapawutlanýar. Tüwiniň düzümindäki krahmal ýokumlylygy, aňsat özleşdirilýändigi bilen hem beýleki dänelilerden tapawutlanýar. Şaly ekininiň duza çydamlylygynyň ýokary bolmagy ony şor ýerleriň duzuny ýuwup özleşdirmekde giňden ulanmaga mümkinçilik berýär. Şalynyň basdyrylyp suwarylmagy netijesinde, şor topragyň duzy ilkinji gününden başlap ýuwlup başlaýar. Şonuň üçin ony täze özleşdirilýän şor ýerlerde ösdürip ýetişdirmek has peýdalydyr.
Şaly döküni köp talap edýän ekinleriň hataryna girýär. Şonuň üçin hem şaly ekiljek ýeriň bir gektaryna köpräk dökün dökülip, onuň ösüş döwründe mineral dökünler bilen ýeterlik üpjün edilýär. Şeýle hem şaly ekiljek ýeriň her gektarynda azot, fosfor we kaliý döküni ulanylýar. Azot dökünlerinden, esasan, ammoniý sulfaty we karbomit berilýär. Mineral dökünleri iki gezekde, ýagny ekişden öň fosforyň, kaliniň, azodyň 30-40 göterimini (ammoniý sulfaty ýa-da karbomit), dökünleriň galan bölegini ösümlikleriň ösüş döwründe bermek maksada laýyk hasaplanylýar.
Kerimberdi MELÄÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.