Çeh Respublikasynyň dürli sebäplere görä 7 ýyldan bäri gurulman duran bent taslamasyny samyrlar bary-ýogy iki günde gurdular. Mälim bolşy ýaly, ýerde-suwda ýaşaýan samyrlar akar suwlara bent gurmakda ökde “inženerler” hasaplanýar. Degişli ýolbaşçylar ýurduň Wltawa derýasynyň basseýninde suw gorlaryny has gowy dolandyrmak we suwarylýan meýdanlaryň çägini giňeltmek maksady bilen bent gurmagy meýilleşdirýärdiler. Bendiň guruljak anyk ýeriniň kesgitlenmedi, gerekli meýilnamanyň taýýarlanmagy, degişli rugsatnamalaryň alynmagy ýaly sebäpler bilen taslama 7 ýyldan bäri durmuşa geçirilmändi. Bu ýerde ýaşaýan samyrlar bolsa, bahasy 30 million çeh kronasy möçberindäki taslamany iki günde tamamladylar. Bendiň gurlan ýeri bilermenleriň bent gurmak üçin ilkinji kesgitlän ýeri bolupdyr. Şeýlelikde samyrlaryň guran bendi adamlar tarapyndan ylmy taýdan tassyklanan ýerde gurlup, gurluş maksadyna hyzmat etjekdigi bellenildi. Çehiýanyň Tebigat we peýzaž gorag agentliginiň Ortaçeh ülkesindäki edarasynyň başlygy Ýaroslaw Obermaýer bu ýagdaýa “Samyrlar hemişe iň gowusyny bilýär” diýip jogap berdi.
Brdy goralýan sebit edarasynyň (PLA) ýolbaşçysy Bohumil Fişer bolsa, bu waka bilen bagly “Samyrlar bizden öň hereket edip, 1 million funt sterling pul tygşytlamagymyza ýardam etdi. Bendi hiç hili taslama resminamasy bolmazdan we dolulygyna muzdsuz gurup berdiler” diýdi.
Agaç böleklerinden peýdalanyp, akar suwuň ugrunda, ýarym Aý şekilli bentleri gurýarlar. Bent guranlarynda suwuň akymyny göz öňünde tutup, haýsy ýeriniň has berk bolmalydygyny göz öňünde tutýarlar. Olar bent gurmak üçin agaç böleklerini getirýärler ýa-da bar bolan agaçlar gemrip, kesip bilýärler.