Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu işleriň arasynda sanly bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen möhüm işler durmuşa geçirilýär. Bu işler ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyklykda bilim almaga bolan islegi üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesilleriniň bilimiň dürli ugurlarynda üstünlik gazanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle-de, dünýä tejribesine eýerip, sanly bilim ulgamyna geçmekde giň gerimli işler alnyp barylýar.
Sanly bilim ulgamy özünde elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan ylym-bilim almak, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri jemleýär. Şu günki günde internet ulgamy maglumatlaryň ummasyz çeşmesini hödürleýär. Bu bolsa matematika, fizika, himiýa ýaly takyk bilimleri, bu ugurlardaky edilen täze açyşlary içgin öwrenmäge oňaýly şert döredýär. Mundan başga-da nazaryýetde öwrenilen bilimlerimizi amaly şertlerde synagdan geçirmäge mümkinçilik berýär. Dürli ylym-bilim merkezleriniň, kitaphanalarynyň öz hyzmatlaryny internet arkaly hemmelere elýeterli etmegi netijesinde, ulanyjylaryň her biri öz ýaş aýratynlygyna, synpyna görä, zerur maglumatlardan we çeşmelerden doly peýdalanyp bilýär. Sanly bilim ulgamy diňe bir ylym adamlarynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň durmuşyny ýeňilleşdirýär.
Şyhy Şyhyýew,
Aşgabat şäherindäki Atamyrat Nyýazow adyndaky
43-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy.