Ýur­du­my­zyň Mer­ke­zi ban­ky Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şanly 25 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýa­dy­gär­lik al­tyn we kü­müş şa­ýy pul­la­ry­ny çy­kar­dy.
Gym­ma­ty 100 ma­nat bo­lan tä­ze şa­ýy pul­la­ry taý­ýar­la­ma­gyň ýyl­ýaz­gy­syn­da öz­bo­luş­ly orun eýe­le­ýän hä­zir­ki za­man nu­miz­ma­ti­ka gym­mat­lyk­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­di. Ýa­dy­gär­lik şa­ýy pul­lar Mer­ke­zi bank ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan wa­ka­la­ryň, döw­let baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň we şan­ly se­ne­le­riň hor­ma­ty­na çy­ka­ryl­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ösüş we ro­waç­lyk ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan Wa­ta­ny­my­zyň tä­ze ta­ry­hy şöh­rat­ly iş­le­re, be­lent de­re­je­le­re bes­len­ýär. Mu­nuň özi tä­ze şa­ýy pul­la­ryň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ryn­da we de­giş­li mow­zu­gyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Tä­ze teň­ňe­ler hä­zir­ki za­man wa­ka­la­ry­ny ala­mat­lan­dyr­ýan be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len di­ňe bir çe­per­çi­lik gym­mat­ly­ga, öz­bo­luş­ly be­ze­ge eýe bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ola­ryň mil­li gym­mat­lyk hök­mün­dä­ki äh­mi­ýe­ti ýo­ka­ry­dyr.

Tä­ze şa­ýy pul­la­ryň ýüz ta­ra­py­nyň mer­ke­zin­de do­gup gel­ýän Gü­nüň şöh­le­le­ri­niň ara­syn­da «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň baş ny­şa­ny şe­kil­len­di­ril­di. Onuň ýo­kar­syn­da ýa­rym aý­law gör­nü­şin­de «TÜRK­ME­NIS­TAN — BI­TA­RAP­LY­GYŇ ME­KA­NY» di­ýen ýaz­gy, aşa­ky bö­le­gin­de «1995 — 2020» san­lar ýer­leş­di­ril­di.
Şeý­le hem onuň ar­ka ta­ra­py­nyň mer­ke­zin­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let tug­ra­sy ýer­leş­di­ri­lip­dir. Onuň ýo­kar­syn­da ýa­rym aý­law gör­nü­şin­de «TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ MER­KE­ZI BAN­KY», aşa­ky bö­le­gin­de bol­sa «ÝÜZ MA­NAT» di­ýen ýaz­gy bar. Mun­dan baş­ga-da, bu ýer­de gym­mat ba­ha­ly me­ta­lyň mä­he­gi we ag­ra­my gör­ke­zi­lip­dir.
Au 916,7 al­tyn şa­ýy pu­lu­nyň ag­ra­my 39,94 gra­ma, Ag 925 kü­müş şa­ýy pu­lu­nyň ag­ra­my bol­sa 28,8 gra­ma deň­dir hem-de dia­met­ri 38,61 mil­li­metr­dir.
Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň bu­ýur­ma­sy esa­syn­da tä­ze şa­ýy pul­la­ry Sin­ga­pu­ryň dün­ýä bel­li döw­let or­den­le­ri­ni, sy­lag­la­ry we me­dal­la­ry dö­ret­mek­de ýö­ri­te­leş­di­ri­len «Eng Leong Me­dal­lic In­dust­ri­es Pte Ltd» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nyl­dy.
Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi ban­ky Bi­ta­rap­ly­gyň 25 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li 2020-nji ýy­lyň de­kabr aýyn­da 1,5,10,20,50 we 100 ma­nat­lyk bank­not­la­ryň tä­ze mo­di­fir­le­nen nus­ga­la­ry­ny do­la­ny­şy­ga goý­ber­di. Bank­not­la­ryň ýüz ta­ra­py­nyň reň­ki we şe­ki­li öň­ki gör­nüş­de sak­la­nyp, ola­ryň äh­li­sin­de «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň ny­şa­ny şe­kil­len­di­ri­len­dir. Üýt­ge­di­len bank­not­la­ryň ar­ka ta­ra­pyn­da Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň we Kons­ti­tu­si­ýa bi­na­sy­nyň şe­kil­le­ri we 2014-nji ýy­lyň bank­not­la­ryn­da şe­kil­len­di­ri­len bi­na­lar ýer­leş­di­ri­len­dir.
2020-nji ýy­lyň nus­ga­syn­da­ky bank­not­la­ryň go­rag ala­mat­la­ry güýç­len­di­ril­di, şol san­da ola­ryň äh­li­si­niň ýüz ta­ra­pyn­da şe­kil­len­di­ri­len «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň ny­şa­ny älem­go­şar çap ediş usu­lyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­dir. Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de bu bank­not­lar eýe­çi­li­giň gör­nü­şi­ne we alyp bar­ýan iş ug­ru­na ga­ra­maz­dan, eda­ra-kär­ha­na­la­ryň äh­li­si ta­ra­pyn­dan tö­leg­ler üçin no­mi­nal gym­ma­ty bo­ýun­ça hök­ma­ny ka­bul edil­mä­ge de­giş­li­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň 2009-njy, 2012-nji, 2014-nji we 2017-nji ýyl­la­ryň nus­ga­syn­da­ky äh­li bank­not­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de ka­nu­ny tö­leg se­riş­de­si hök­mün­de güý­jü­ni sak­la­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi ban­ky bank­not­la­ryň ha­ky­ky­ly­gy­ny ta­kyk kes­git­le­mek üçin bäş­den az bol­ma­dyk go­rag ala­mat­la­ry­ny bar­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny ýat­lad­ýar. Si­ze Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de do­la­ny­şyk­da­ky bank­not­la­ryň we şa­ýy pul­la­ryň res­mi­leş­di­ri­li­şi we ha­ky­ky­lyk ala­mat­la­ry ba­ra­da­ky mag­lu­ma­tyň in­ter­net­de Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň sa­hy­pa­syn­da şu sal­gy­da ýer­leş­di­ri­len­di­gi­ni ha­bar ber­ýä­ris: http://www.cbt.tm.