10Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bi­lim ul­ga­my san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň esa­syn­da düýp­li öz­ger­dil­ýär. Bi­lim ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ke­ma­la ge­tir­mek mak­sa­dy bi­len, iri yl­my-bar­lag tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­nuň özi ýa­kyn gel­jek­de san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek­de, bi­lim ul­ga­myn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
Ýur­du­my­zyň bi­lim ba­bat­da kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak we onuň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni äh­li ugur­lar­da we ul­gam­lar­da hä­zir­ki za­man san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ta­lap­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de alyp bar­mak esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Bu we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry bi­len bir­nä­çe mö­hüm çöz­güt­ler ka­bul edil­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy», «Türk­me­nis­tan­da 2019–2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» ýa­ly mö­hüm res­mi­na­ma­lar bar. Bu­lar öz ge­ze­gin­de san­ly yk­dy­sa­dy­ýet bi­len san­ly bi­lim ul­ga­my­ny saz­la­şyk­ly ös­dür­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.
Ýurdumyzda bi­lim ul­ga­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry da­şa­ry ýurt­la­ryň ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri bi­len bi­le­lik­de tä­ze tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, okat­ma­gyň hä­zir­ki za­man usul­la­ry ba­bat­da tej­ri­be alyş­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­nyň hem-de ta­lyp­la­ry­nyň hyz­mat­daş döw­let­le­riň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­den kär­deş­le­ri bi­len mag­lu­mat we tej­ri­be alyş-çal­şy­gy­ny gu­ra­ma­gy tä­ze baş­lan­gyç­la­ra ga­dam go­ýul­ýan­dy­gy­ny su­but ed­ýär. Bi­le­lik­de uzak ara­lyk­dan gu­ral­ýan okuw­lar, yl­my-ama­ly, yl­my-usu­ly mas­la­hat­lar bu aý­dy­lan­la­ra my­sal bo­lup bi­ler.
Ýur­du­myz­da ýaş­la­ra döw­re­bap bi­lim ber­me­giň aý­dyň ugur­la­ry kes­git­len­di. Bu ba­bat­da ýur­du­my­zy sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni taý­dan ös­dür­me­giň der­wa­ýys me­se­le­le­rin­den ugur alyn­ýar. Türk­me­nis­tan­da bi­lim ul­ga­my­ny döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da giň ge­rim­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­sy top­lum­la­ýyn dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şeý­le ösüş­le­riň ha­ta­ryn­da in­ter­ne­tiň we öý­jük­li ara­gat­na­şy­gyň 4G hi­li­ni, mek­dep­le­riň in­ter­net ul­ga­my­na bi­rik­di­ril­me­gi­ni, «e-Mek­dep» por­ta­ly­nyň işe gi­ri­zil­me­gi­ni, mul­ti­me­dia se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün edil­me­gi­ni, bäs­le­şik­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ni, elekt­ron mag­lu­mat­lar ul­ga­my­ny dö­ret­mä­ge gi­ri­şil­me­gi­ni, san­ly bi­lim ul­ga­my­na ba­dal­ga be­ril­me­gi­ni gör­kez­mek bo­lar.
San­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy glo­bal­laş­ýan dün­ýä­niň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, mag­lu­mat we mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ul­gam­la­ryn­da ga­za­nyl­ýan ösüş­le­re esas­lan­ýar. Hu­su­san-da, we­la­ýat­lar­da we et­rap­lar­da elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy ul­ga­my­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy pu­dak­la­ryň ara­syn­da­ky öza­ra he­re­ket­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­di.
Elekt­ron kom­mu­ni­ka­si­ýa­syn­da hyz­mat­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri peý­da bo­lar. Se­bit­le­ri dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri, Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de hem elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy­na mö­hüm or­un de­giş­li­di­r. Bu ugur­da­ky hü­när­men­ler tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ar­tyk­maç­lyk­la­ry­ndan do­ly peý­da­lan­yp, ne­ti­je­li iş­leýärler. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň gi­ri­zil­me­gi­niň we ýaý­ra­dyl­ma­gy­nyň çalt­lan­dy­ryl­ma­gy – yk­dy­sa­dy­ýe­tiň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de dö­re­ýän glo­bal we­zi­pe bo­lup dur­ýar.
Hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar ýa­şaý­şy­ny, asu­da dur­mu­şy­ny, nu­ra­na er­ti­ri­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri mun­dan beý­läk-de ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Aman­gel­di GUR­BA­NOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň kiberhowpsuzlyk we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň müdiri.