Häzirki döwürde dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, ýurdumyzda hem innowasion ösüşiň esasy ugurlarynyň biri sanly ulgamyň ösdürilmegi bolup durýar. Sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi diňe bir ykdysady ösüşi däl, eýsem, jemgyýetiň ähli ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün edýär.
Soňky ýyllarda Diýarymyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Döwlet tarapyndan kabul edilen maksatnamalar esasynda internet ulgamynyň elýeterliligi giňeldilýär, elektron hyzmatlaryň sany artdyrylýar hem-de döwlet edaralarynyň işine sanly çözgütler üstünlikli ornaşdyrylýar. Bu bolsa raýatlara hyzmat etmegiň tizligini we hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Giň gerimli sanly özgertmeler «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäginde alnyp barylýar. Resminama 5G tehnologiýalaryny, bulut hyzmatlaryny, uly maglumatlary (big data), zatlaryň internetini (IoT) we fintehi ornaşdyrmagy, şeýle hem elektron hökümeti, telemedisinany we uzakdan bilimi döwrebaplaşdyrmagy öz içine alýar.
Emeli aňy ulanmak arkaly synag taslamalary eýýäm dört pudakda – bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy we ýol hereketini dolandyrmak ulgamlarynda işe girizildi. Şol bir wagtda Arkadag şäherinde öňdebaryjy sanly çözgütleri ulanmak arkaly, gurluşygyň ikinji tapgyry dowam edýär; IT-merkezleri paýtagtymyzda hem-de Arkadag şäherinde döredilýär.
Golaýda ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Muroosystems Corporation» kompaniýasynyň arasynda maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek we döwrebaplaşdyrmak ugrunda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi. Ylalaşykda sanly düzüm ulgamynda halkara standartlaryna laýyklykda we döwrebap tehnologik çözgütleri ulanmak arkaly, ýurduň çäginde täze data-merkezlerini gurmak boýunça bilelikdäki işler göz öňünde tutulýar.
Sanly ulgam ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, aýratyn-da bilim, saglygy goraýyş, maliýe we ulag ulgamlarynda möhüm orun eýeleýär. Mysal üçin, bilim ulgamynda onlaýn okuw platformalarynyň ornaşdyrylmagy ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynda elektron saglyk kartalarynyň ulanylmagy lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Innowasion ösüşiň möhüm bölegi hökmünde startap taslamalara hem aýratyn üns berilýär. Ýaş telekeçiler üçin döredilýän mümkinçilikler täze tehnologiýalaryň peýda bolmagyna we olaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna şert döredýär. Bu bolsa ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna oňyn täsir edýär.
Şeýlelikde, Türkmenistanda sanly ulgamyň ösdürilmegi innowasion ösüşiň möhüm şerti bolup, ol ýurduň halkara derejesindäki bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Geljekde bu ugurda alnyp barylýan işleriň has-da giň gerime eýe boljakdygyna ynam bildirilýär.
Medetmuhammet HAJYÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň dil öwreniş bölüminiň mugallymy.
PDF









