Ösüş döwrebaplygy talap edýär. Bu, hakykatdan-da şeýle. Biz tehnologiýalar eýýamynda ýaşaýarys. Biziň innowasiýa nukdaýnazaryndan çalt depginler bilen özgerýän dünýämiz durmuşumyzyň ähli ugurlarynyň doly sanlylaşdyrylmagyny ösüşiň baş şerti hökmünde öňe çykarýar. Tutuş dünýäde ösen postindustrial jemgyýeti kemala getirmegiň gözbaşy hem, hut, şundadyr.
Ösen sanly hyzmatlar ulgamynyň we maglumat giňişliginiň bolmagy postindustrial jemgyýetiň esasy alamatlarydyr. Munuň özi ösüşiň innowasionyň önümi. Olaryň kemala gelmegi durmuşumyzy ähli babatlarda ýönekeýleşdirmek we ýeňilleşdirmek bilen, gündelik hajatlarymyza sarp edilýän wagty hem-de harajatlary azaltmaga ýardam berýär. Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletde uzak möhletleýin durnukly ösüşi gazanmak meýliniň bolmagy bolsa, ýurduň öňünde ilatyň isleglerini doly kanagatlandyryp biljek sanly hyzmatlar hem-de giň maglumat üpjünçiligi ulgamyny ösdürmek zerurlygyny ýüze çykarýar.
Häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistan bütin dünýäde ykdysady taýdan ösen güýçli senagat döwleti hökmünde ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär, onuň pudaklaryny ylmy tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny yzygiderli ornaşdyrylýar. Bu ugurda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň maliýe ulgamynda hem sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, Türkmenistanda sanly hyzmatlar we maglumat üpjünçiligi ulgamy netijeli ösdürilýär. Ýurdumyzda degişli ugurda geçirilýän özgertmeler häzirki wagtda hereket edýän «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň maliýe ulgamyny sanlylaşdyrmak maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Sanly tehnologiýalaryň maliýe ulgamyna ornaşdyrylmagy bu pudagy ösdürmeklige, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginde ilkinji ugurlaryň hatarynda ýurduň tutuş ykdysady, maliýe bank ulgamynyň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly býujet serişdelerine takyk gözegçilik etmek hem-de olary dolandyrmak üçin şertleri üpjün edýän maliýe maglumatyny dolandyrmagyň döwlet ulgamynyň döredilmegi derwaýys meseleleriň hatarynda durýar. Onuň esasy maksady has köp zähmeti talap edýän işleri awtomatlaşdyryp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işleriniň tizligini we dessinligini artdyrmakdan, býujeti taýýarlamak, ýerine ýetirmek hem hasabatlylygy düzmek işine gatnaşyjylar tarapyndan hödürlenýän maglumatlaryň netijeliligini, dürslügini, takyklygyny üpjün etmekden we şonuň netijesinde hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Innowasion ösüşleriň eýýamy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ykdysadyýetiň binýadynyň berkemegi ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Nazar BABAMURADOW, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
PDF









