Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe sür­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na goş­mak­dan, ýur­du­myz­da mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan giň­den peý­da­lan­mak­dan, san­ly­laş­dyr­ma­gyň gur­şa­wy­ny has-da gi­ňelt­mek­den yba­rat­dyr.
«Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da» hem san­ly ul­ga­myň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek­dä­ki or­nu­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mak­sat­na­ma­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­na tä­ze in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we öň­de­ba­ry­jy hal­ka­ra tej­ri­be­le­ri­niň or­naş­dy­ry­ly­şyn­da, elekt­ron res­mi­na­ma­lar do­la­ny­şy­gy­nyň gi­ri­zil­me­gin­de gör­mek bol­ýar.
Şeý­le hem san­ly­laş­dyr­mak bi­lim ul­ga­myn­da hem üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ony dur­mu­şa ge­çir­me­giň tap­gyr­la­ryn­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hü­när­men­ler, pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar, şeý­le-de, ta­lyp ýaş­lar ta­ra­pyn­dan san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň tor prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi, onuň bin­ýa­dyn­da san­ly bi­lim por­tal­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy.
San­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de bi­li­mi do­lan­dy­ryş ul­ga­my­ny mag­lu­mat­laş­dyr­ma­ga hem mö­hüm orun de­giş­li­dir. Ze­rur bo­lan elekt­ron hyz­mat­la­ry­nyň (elekt­ron žur­nal, elekt­ron gün­de­lik, elekt­ron ýaz­gy we beý­le­ki­ler) ýo­la go­ýul­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ta­gal­la­sy bi­len san­ly ul­ga­myň giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da en­çe­me ta­gal­la­lar edil­ýär. San­ly ul­ga­myň ga­dam­la­ry, san­ly ul­ga­myň kö­me­gi bi­len köp iş­le­ri ama­la aşy­ryp bol­jak­dy­gy ba­ra­da mas­la­hat­la­ryň en­çe­me­si ge­çi­ril­ýär.
Ine, şeý­le san­ly ul­ga­myň giň­den ös­dü­ril­ýän döw­rün­de Di­ýa­ry­my­zyň tä­ze, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da iş­le­ýän önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ryn­da zäh­met çek­ýän­le­riň ag­la­ba­sy ýaş­lar­dyr. Ýur­du­myz­da ýaş nes­liň komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan, in­no­wa­si­on tä­ze­lik­ler­den, yl­myň soň­ky ga­za­nan­la­ryn­dan ýo­ka­ry de­re­je­de peý­da­la­nyp bil­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär.
Bu ugur­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk hem iş­jeň­leş­di­ril­ýär. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­sy bo­lan Hal­ka­ra elekt­roa­ra­gat­na­şyk bir­le­şi­gi bi­len bu ugur­da tä­ze hyz­mat­daş­lyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. 2012-nji ýyl­dan bä­ri dün­ýä de­re­je­sin­de san­ly ul­gam we in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça bi­li­mi ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da Hal­ka­ra elekt­roa­ra­gat­na­şyk bir­le­şi­gi­niň aka­de­mi­ýa­sy hem he­re­ket ed­ýär. Aka­de­mi­ýa ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýan «San­ly öz­ge­riş mer­kez­le­ri» tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň de­giş­li hü­när­men­le­ri, teh­ni­ki iş­gär­le­ri we ta­lyp­la­ry üçin aý­ra­tyn okuw mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu mak­sat­na­ma hal­ka­ra mag­lu­mat, kom­mu­ni­ka­si­ýa we ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ryn­da dün­ýä de­re­je­sin­de top­la­nan tej­ri­be bi­len ta­nyş­mak we döw­le­ti­miz­de or­naş­dyr­mak üçin okuw çä­re­le­ri­ni öz içi­ne alar.
Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy dür­li pu­dak­lar bo­ýun­ça yk­dy­sa­dy amal­la­ryň tiz­leş­me­gi­ni, öza­ra mag­lu­mat­la­ry alyş­ma­gyň ta­kyk­ly­gy­ny, tiz­li­gi­ni we yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny ke­pil­len­dir­ýär. San­ly do­lan­dy­ryş ul­ga­my eda­ra­nyň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän yk­dy­sa­dy amal­la­ry­ny beý­le­ki eda­ra­lar bi­len şo­nuň ýa­ly tiz­lik­de öza­ra al­şyp bil­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. Mu­nuň özi döw­let we hu­su­sy eýe­çi­lik ul­ga­my­na de­giş­li eda­ra-kär­ha­na­la­ryň öza­ra işi­ni gu­ra­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş we hyz­mat gör­nüş­le­ri üçin tö­leg­le­riň we ha­sap­la­şyk­la­ryň öz wag­tyn­da ýo­ka­ry hil­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi, elekt­ron res­mi­na­ma alyş-çal­şy­gy­nyň ge­ri­mi­niň gi­ňel­dil­me­gi döw­let do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, kär­ha­na­lar­dyr te­le­ke­çi­ler, ilat üçin hem örän peý­da­ly­dyr. Çün­ki mu­nuň özi işe­wür ara­gat­na­şyk­la­ry ama­la aşyr­mak­da wag­tyň we se­riş­de­le­riň tyg­şyt­lan­ma­gy­na, dür­li res­mi mag­lu­mat­la­ry der­hal we yg­ty­bar­ly ýag­daý­da ge­rek­li ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mu­nuň özi wag­tyň, ka­gyz, ulag we poç­ta çyk­da­jy­la­ry­nyň tyg­şyt­lan­ma­gy­na, de­giş­li amal­la­ryň gu­ra­ma­çy­lyk hä­si­ýet­li, dür­li bök­denç­lik­le­re se­ze­war bol­maz­dan, çalt ama­la aş­ma­gy­na uly ýar­dam ed­ýär.

Mäh­ri­ban AŞY­RO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.