Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan demir ýolunyň baş müdiri Mostafa Naseri, şu ýylyň birinji ýarymynda Seragt demir ýol serhedinden Merkezi Aziýa 600 000 tonna eksport ýüküniň 9500-den gowrak ýük wagony bilen ugradylyp, munuň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, üç esse köpdügini aýtdy.
-Şunuň bilen birlikde 550 000 tonna haryt eksport edilýän Horasan-Razawi welaýaty bolsa, bu eksportyň 92 göterimini eýeleýär. 36% görkeziji bilen sement, Saragt demir ýol geçelgesinden Merkezi Aziýa gidýän eksport harytlarynyň arasynda birinji orunda durýar. Degişlilikde, 45% we 41% paýy bolan Özbegistan we Türkmenistan demir ýol ulgamy haryt eksportynyň esasy ugurlarydyr – diýip, ol IRNA habarlar agentliginiň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
-Demir ýol ulaglarynyň ýangyja edilýän çykdajylarynyň azlygy, ýol hadysalaryna az uçramagy we daşky gurşawyň hapalanmazlygy ýaly aýratyn artykmaçlyklary sebäpli, Horasan demir ýollary edarasy önümçiligi artdyrmak maksady bilen welaýatda we ýurtda eksportçylara demir ýol hyzmatlaryny hödürleýär – diýip, Mostafa Naseri belledi.