Dürli ululykdaky awtoulag tekerleri öndürýän “Michelin” kompaniýasynyň satuwy şu ýylyň dokuz aýynda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 20,5 göterim artyp, 20,7 milliard ýewro ýetirdi. Satuwyň artmagynda Aziýa ýurtlarynyň has köp harydy import etmeginiň täsiri uly bolupdyr.
Kompaniýa 18 dýuýmdan uly tekerlere şeýle hem magdan senagatynda ulanylýan tekerlere islegiň hemişe ýokarlanýandygyny mälim etdi. Fransuz brendiniň tekerden beýleki ugurlarda alyp barýan işleri hem ýokary girdeji geçiripdir.
Ogulbossan Atamyradowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF









