Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud Mekgede “Patyşa Salmanyň derwezesi” (King Salman Gate) atly giň gerimli täze şäher gurluşyk taslamasynyň başlandygyny habar berdi.
Patyşa Salman derwezesi, takmynan, 12 million inedördül metr meýdany eýelär we mukaddes al-Haram metjidine (Käbe) ýakyn ýerde ýerleşer. Taslama şäher infrastrukturasyny ösdürmegi, mukaddes ýere ulaglaryň elýeterliligini gowulandyrmagy we zyýaratçylar we şäheriň ýaşaýjylary üçin hyzmatlary gowulandyrmagy maksat edinýär.
Bu toplum ýaşaýyş, myhmanhana, söwda we medeni zolaklary birleşdirip, ýaşaýjylar, zyýaratçylar we jahankeşdeler üçin dürli mümkinçilikleri döreder. Onuň çäklerinde şol bir wagtyň özünde, takmynan, 900 müň adam ýerleşip biler.
Patyşa Salmanyň derwezesi ýerli ykdysadyýete uly itergi bolar. 2036-njy ýyla çenli 300 müňden gowrak iş ýeriniň döredilmegine garaşylýar we milli “Vision 2030” strategiýasynyň ykdysady diwersifikasiýa we durnukly ösüş maksatlaryna goşant goşar.
Taslamanyň durmuşa geçirilmegi Saud Arabystanynyň Mekgäni ruhy we medeni aýratynlygyny gorap saklaýan häzirki zaman, ýokary depginde ösýän dünýä derejesindäki şähere öwürmek ugrundaky ýene bir ädimidir.
Bu taslama zyýaratçylaryň ösýän akymyna goldaw bermäge, täze iş ýerleri döretmäge we Mekgäni däp-dessurlaryň we ösüşiň sazlaşygynyň nyşanyna öwürmäge gönükdirilendir.