Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda bir duşuşykda (2 deňlik, 4 ýeňliş) hem ýeňiş gazanyp bilmedik Şwesiýanyň ýygyndysy pleý-off tapgyrynda taryhy başarnyk görkezdi. UEFA Milletler Ligasyndaky reýtingi esasynda pleý-off tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan Şwesiýanyň ýygyndysy “B” geçelgede ilkini Ukrainanyň milli toparyny Gýokereşiň het-trigi bilen 3-1 hasabynda ýeňipdi. Öz meýdançasyndaky finalda bolsa Polşanyň milli toparyny 3-2 hasabynda utmagy başardy. Duşuşykda 1-nji ýarymda 2 gezek öňe geçen şwedlere polýaklar her sapar jogap berdi. Ýagny Elanga bilen Lagerbielkeniň gollaryna garşylyk beren Polşanyň milli topary Zalewski hem-de Şwiderskiniň gollary esasynda hasaby deňledi. Duşuşygyň 88-nji minutynda ýarym finalyň gahrymany Wiktor Gýokereş adyna eýe bolup, toparyna ýeňiş getirdi.

Şunlukda, Şwesiýanyň ýygyndysy 23-nji Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazanyp, olar “F” toparçada Niderlandlaryň, Ýaponiýanyň hem-de Tunisiň ýygyndylary bilen özara güýç synanyşar. Häzirki wagtda angliýaly Grem Potteriň tälim berýän ýygyndy topary mundan öň 12 gezek Dünýä Kubogyna gatnaşypdy. Soňky gezek Russiýa 2018-de çykyş eden şwedler mundan öň ABŞ-da geçirilen çempionatda bürünç medal gazanypdy. 1958-nji ýylda Dünýä Kubogyny özlerinde kabul eden şwedler şol ýaryşyň finalynda Braziliýadan asgyn gelipdi. Şwesiýanyň ýygyndysy mundan öň 1934-nji, 1938-nji, 1950-nji, 1958-nji, 1970-nji, 1974-nji, 1978-nji, 1990-njy, 1994-nji, 2002-nji, 2006-njy hem-de 2018-nji ýyllarda Dünýä Kubogyna wekilçilik edipdi.

Polşada ýene-de 2 aý gowrak wagtdan başlanjak ýaryş Robert Lewandowskiniň çykyş etjek soňky Dünýä Kubogy hökmünde görülýärdi. Ýöne mundan öňki 2 ýaryşa wekilçilik eden Lewandowski we ýoldaşlaryna şol başarnygy bassyr 3-nji gezek gaýtalamak başartmady.