Senegalyň paýtagty Dakar we täze şäher Diamniadio Sebitleýin demir ýol ekspresi (TER) bilen birleşdirildi. Bu Günbatar Afrikada ilkinji ýokary tizlikli demir ýol bolup, ýol 20 minut wagt alýar. Biletleriň bahasy elýeterli bolup, iň ýokary bahasy 2500 sengal franky ýa-da 4 ýewro deň bolar. Ulag infrastrukturasynyň gurluşygyna 5 ýyl gerek boldy we bu ugruň açylmagy birnäçe gezek yza süýşürildi.

-Ösüş ýolunda kynçylyklar bizi päsgel bermeýär, bular kabul edilmeli meseleler. Arzuwlar hasyl boldy. Köpler muňa ynanmadylar, häzir biz demir ýol ulaglarynyň taryhyna girendigimize buýsanýarys. Biz ulag dyknyşyklaryny we ýol wagtyny azaldyp bilendigimize juda begenýärin – diýip,  Senegalyň prezidenti Maki Sall aýtdy.

Dakardan 36 km uzaklykdaky täze Diamniadio şäheri, üç million ilatly paýtagt Dakaryň we onuň töweregindäki demografik basyşy ýeňilleşdirmek üçin niýetlenendir. Şu wagta çenli Diamniadio şäherinde bary-ýogy 12 müňden gowrak adam ýaşaýar, ýöne häkimiýetler bu sanyň ýakyn wagtda 300 müňe çenli artjakdygyny aýdýarlar. 2022-nji ýylda täze şäherde 9-njy Bütindünýä suw forumy geçiriler. Ýurduň häkimiýetleri hemişe Dakar-Diamniadio şahamçasyny ileri tutulýan ugur diýip atlandyrýarlar.