Angliýanyň çempionatynda 20-nji tapgyrda Mançester Siti myhmançylykda Brentfordy Fil Fodeniň 16-njy minutdaky goly bilen 1-0 ýeňdi. Şeýlelikde, utugyny 50-ä çykaran Mançester Siti garşydaşlarynyň utuk ýitirmeginden soň arany açyp başlady. Guardiolanyň şägirtleri 2021-nji ýylyň soňky duşuşygyny geçirip, olar şu ýylyň dowamynda çempionatda 36 gezek ýeňiş gazandylar. Şäherliler bu ugurda mundan 2 duşuşyk öň Liwerpulyň rekordyny täzeläpdiler. Şeýle-de Mançester Sitiniň 2021-nji ýylda çempionatda geçiren gollarynyň sany 113-e deň boldy. Olara Tottenhamyň 1960-njy ýyldaky 115 golluk rekordyny täzelemek üçin 2 gol ýetmedi.