Dünýä ýurtlarynyň köpüsinde sentýabr aýy ýylyň başlangyjy hasaplanýar. Munuň sebäbi çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminden soň, täze okuw ýylyna başlaýandygy bilen düşündirilýär.
Demirgazyk ýarym şara güýz pasly (sentýabr) gelende, Günorta ýarym şarda ýaz pasly başlanýar.
Sentýabr aýynyň 22-23-ine gije bilen gündiz deňleşýär. Ýagny Gün ekwatoryň göni üstünde bolýar.
«Sentýabr» sözi latynça «septem» sözünden gelip çykyp, «ýedi» diýmegi aňladýar. Miladydan öňki 750-nji ýyla çenli mart aýy ýylyň birinji aýy bolup, sentýabr aýy ýedinji aý hasaplanypdyr. Ýanwar we fewral aýlarynyň ýyl senenamasyna goşulmagy bilen sentýabr dokuzynjy aýa öwrülýär.
Ilkibaşda sentýabr aýynda 29 gün bolupdyr. Häzirki wagtda dokuzynjy aý 30 günden ybarat.
Dünýäniň köp ýurdunda sentýabr «hasyl aýy» ady bilen tanalýar.