Halk Skupşinasyna (Serbiýanyň bir palataly parlamenti) möhletinden öňki saýlawlar 2026-njy ýylyň ahyrynda geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýurduň Prezident Aleksandar Wuçiç mälim etdi.
-Ýene-de bäş-alty aýdan birnäçe munisipalitetde saýlawlar geçiriler, soňra bolsa indiki ýylyň ahyrynda möhletinden öňki parlament saýlawlarynyň geçirilmegine garaşýaryn – diýip, döwlet Baştutany halka ýüzlenmesinde aýtdy.
Ýewropanyň günorta-gündogar böleginde, Balkan ýarym adasynda ýerleşýän Serbiýa deňze çykalgaasy bolmadyk döwletdir. Ýurduň paýtagty Belgrad, ilaty, takmynan, 6,7 million.
PDF









