Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 118-nji möwsüminiň çempiony 37-nji tapgyrda belli bolmady. Sanawyň lideri “Napoli” myhmançylykda “Parma” bilen golsuz oýnap, bassyr 2-nji duşuşygyny deňlikde tamamlady. 2-nji ýerdäki “Intere” bolsa öz meýdançasynda “Lasiony” ýeňmek başartmady. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýunda sag gyraky oýunçylarynyň Bissek (45+2) hem-de Dumfrisiň (79) gollary bilen 2 gezek öňe geçen “Inter” soňky minutlarda ýeňşi elden giderdi. Rimliler her gezekde wetaran hüjümçisi Pedronyň goly bilen jogap berdi. Ispaniýaly ýyldyz oýunçy 72-nji we 90-njy (p) minutlarda tapawutlanyp, toparyny ýeňlişden halas etdi. Duşuşykda 2 toparyňam tälimçisi gyzyl kart aldy. Şeýlelikde, “Napoli” bilen “Interiň” arasyndaky 1 utuklyk aratapawut saklanyp galdy. Iki topar möwsümi anna güni jemlärler. Has takygy, 23-nji maýda “Napoli” “Kaliarini” kabul etse, “Inter” “Komonyň” myhmany bolar. “Inter” çempionlygyny goramak üçin “Napoliniň” utuk ýitirmegine garaşmaly bolup, iki topar 38 tapgyry deň utukda tamamlasa, onda goşmaça pleý-off duşuşygy çempiony kesgitlär.

“Udinezeni” Gonzales hem-de Wlahowiçiň gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňen “Ýuwentus” 4-nji orny eýelemek ugrunda garşydaşlaryndan öňde barýar. “Romadan” 3-1 hasabynda asgyn gelen “Milanyň” geljek möwsümde UEFA-nyň hiç bir ýaryşyna gatnaşmak mümkinçiligi galmady.

Jenoa – Atalanta: 2-3 (Pinamonti 37, 58 – Sulemana 47, Maldini 63, Retegi 89),

Kaliari – Wenesiýa: 3-0 (Mina 11, Pikkoli 41, Deýola 71),

Fiorentina – Bolonýa: 3-2 (Parizi 13, Riçardson 67, Ken 84 – Dallinga 61, Orsolini 79),

Werona – Komo: 1-1 (Lazowiç 69 – Kakre 29),

Inter – Lasio: 2-2 (Bissek 45+2, Dumfris 79 – Pedro 72, 90 p),

Ýuwentus – Udineze: 2-0 (Gonzales 61, Wlahowiç 88),

Leççe – Torino: 1-0 (Ramadani 46),

Monza – Empoli: 1-3 (Birindelli 30 – Kolombo 49, Witi 51, Pizziniakko 59 ö.d.),

Parma – Napoli: 0-0,

Roma – Milan: 3-1 (Mançini 3, Parades 58, Kristante 87 – Feliks 39)