Italiýanyň çempionatynda ýene-de sanawyň lideri üýtgedi. Öz meýdançasynda “Sassuolony” ýeňip bilmedik “Milan” 2 hepdelik liderligini şäherdeşi “Intere” aldyrdy. Çekeleşikli geçen oýunda “Milan” bilen “Sassuolo” toparlary 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady. “Milanyň” gollarynyň ikisini hem 19 ýaşyndaky Dawide Bertezagi geçirip, ol Maldiniden soň tapawutlanan iň ýaş goragçy boldy. “Jenoany” myhmançylykda Bissek hem-de Martinesiň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňen “Inter” 1-nji orna beýgeldi. Soňky çempion “Napoli” myhmançylykda “Udinezeden” 1-0 hasabynda asgyn geldi. Ýer eýelerine ýeňiş getiren ýeke-täk goly 73-nji minutda owadan urgy bilen Ekkelenkamp öz adyna ýazdyrdy. “Ýuwentus” hem şol hasap bilen myhmançylykda “Bolonýany” ýeňlişe sezewar edip, turinlilere 3 gazandyran goly 64-nji minutda Kabal derwezä girizdi.
Leççe – Pisa: 1-0 (Ştuliç 72),
Torino – Kremoneze: 1-0 (Wlaşiç 27),
Parma – Lasio: 0-1 (Noslin 82),
Atalanta – Kaliari: 2-1 (Skamakka 11, 81 – Gaetano 75),
Milan – Sassuolo: 2-2 (Bertezagi 34, 47 – Kone 13, Llorýante 77),
Udineze – Napoli: 1-0 (Ekkelenkamp 73),
Fiorentina – Werona: 1-2 (Unaý Nunýes 69 ö.d. – Orban 42, 90+3),
Jenoa – Inter: 1-2 (Witinýa 68 – Bissek 6, Martines 38),
Bolonýa – Ýuwentus: 0-1 (Kabal 64),
Roma – Komo (şu gije, 00:45)
PDF









