Respublikan Mejlisiniň iki palatasynyň bilelikdäki ýygnagynyň sekizinji tapgyrynda geçirilen ses berişlikde Serjo Mattarella Italiýanyň Prezidenti wezipesine saýlandy.
Netijeler, 29-njy ýanwarda, Italiýa mejlisiniň aşaky palatasynyň başlygy Roberto Fiko tarapyndan parlamentiň býulletenleriň sanyny jemlemek bilen yglan edildi.
Prezident saýlanmak üçin absalýut köplük (50%-den köp), ýagny, 505 ses almak ýeterlik. Ilkinji ýedi ýyllyk mandatyny tamamlaýan Serjo Mattarella parlament we sebit wekilleriniň 759 sesine eýe boldy.
Kasam kabul ediş dabarasynyň 3-nji fewralda geçirilmegine garaşylýar.