Ýer ýü­zün­de gül­le­riň müň­ler­çe gör­nü­şi bo­lup, her bi­ri­niň özü­ne mah­sus aý­ra­tyn­lyk­la­ry bar. Gül­leriň kö­pü­si ulu­ly­gy bi­len haý­ran gal­dyr­sa, kö­pü­si owa­dan­ly­gy bi­len adam­la­ryň ünsüni çekýär. Käbirleriniň bolsa, gül aça­ny­ny gör­mek üçin en­çe­me ýyl­lap ga­raş­ma­ly bol­ýar. Ga­dymy dö­wür­ler­den bä­ri alym­lar bu gül­le­riň ösüş ta­ry­hy­ny öw­re­nip gel­ýär­ler. Ge­liň, seý­rek gül aç­ýan ösüm­lik­le­riň käbirleri bilen ta­nyş bo­la­lyň!
Şeýle ösüm­lik­le­riň ara­syn­da «An­dlaryň şa ze­na­ny» has ta­pa­wut­lan­ýar. Pe­ru­da we Bo­li­wi­ýa­da duş gel­ýän bu ösümlik her 80-100 ýyl­dan gül­le­ýär. Be­ýik­li­gi 9 met­re ýet­ýän gül kak­tu­sa meň­zeş bo­lup, bir bal­dak­dan yba­rat bol­ýar. Ösüm­li­giň bal­da­gyn­da ow­nu­jak gül­ler bo­lup, ola­ryň sa­ny 30 mü­ňe ýetýär. Bu ösüm­lik ana­nas­la­ry hem öz içi­ne al­ýan bro­me­li­ad maş­ga­la­sy­nyň köp ag­za­sy ýa­ly, gül­län­den soň­ra gu­ra­ýar.
«Agave ame­ri­kaa­na» at­ly ösüm­li­ge «asy­ryň gü­li» di­ýil­ýär. Bu ösüm­lik öm­rün­de di­ňe bir ge­zek gül­le­ýär. 100 ýyl ýa­şa­ma­ýan hem bol­sa, Mek­si­ka­nyň ýer­li hal­ky bu ösüm­li­ge «ýüz­ýyl­lyk» ady­ny be­rip­dir­ler. Onuň öm­ri has gys­ga, 10-30 ýyl ara­ly­gyn­da bol­ýar. Bu ösüm­li­giň baş­ga bir gör­nü­şi bo­lan «Agave ocahui» 25 ýyl­dan soň­ra gül aç­ýar.
«Ti­tan arums» il­kin­ji ge­zek gül­le­ýän­çä on ýyl ge­rek bol­ýar, kä­bir­le­ri bol­sa 7 ýyl­da gül aç­ýar. Seý­rek gül­le­ýän­di­gi se­bäp­li gül açan wag­ty bu ösüm­li­gi gör­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­le­riň sa­ny köp bol­ýar. Bu ösüm­lik en­de­mik bo­lup, te­bi­gy ýag­daý­da di­ňe Su­mat­ra ada­syn­da ös­ýär. Şeý­le-de bol­sa, dün­ýä­niň beý­le­ki ýer­le­rin­dä­ki bo­ta­ni­ka bag­la­ryn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.
Ku­rin­ji at­ly ösüm­ligiň ady «gök de­pe­lik­ler» diý­me­gi aň­lad­ýar. Se­bä­bi, bu ösüm­li­k Hin­dis­ta­nyň gün­ba­tar bö­le­gin­dä­ki ba­ýyr­lar­da ös­ýär. 12 ýyl­dan bir ge­zek gül aç­ýan ösümligi gül­län wag­ty gör­mä­ge bar­ýan­la­ryň sa­ny köp bol­ýar. Te­bi­gy ýag­daý­da çalt kö­pel­ýän bu ösüm­lik gül­län wag­ty onuň gö­ge­rip otu­ran de­pe­le­ri gök-gyr­my­zy reň­ke bü­ren­ýär.
Ta­li­pot pal­ma­sy Hin­dis­tan, Şri-Lan­ka­, Kam­bo­ja, Mýan­ma, Tai­land ýa­ly ýurt­lar­da we Hin­dis­ta­nyň An­da­man ada­la­ryn­da duş gel­ýär. Pal­ma­nyň bir gör­nü­şi bo­lan ösüm­li­giň bo­ýy 25 met­re ýet­ýär. Ta­li­pot pal­ma­sy dün­ýä­de iň uly pal­ma aga­jy ha­sap­la­nyp, 80 ýyl­dan gow­rak ýa­şa­ýan öm­rü­niň do­wa­myn­da bir ge­zek gül­le­ýär. Onuň gül­le­ri ak reňk­de bol­ýar.
«Gi­jä­niň şa ze­na­ny» kak­tus­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lup, bu gül ýyl­da bir ge­zek gül­le­ýär. Oňa Te­ha­syň gün­ba­tar bö­le­gin­de duş gel­mek bol­ýar. Bir­ba­da se­re­di­len­de gu­rap galan gy­rym­sy aga­ja meň­ze­ýän bu ösümlik to­mus pas­ly­nyň or­ta­la­ryn­da di­ňe bir gi­je ak reňk­li gül aç­ýar.
«Corps» gü­lün­den çyk­ýan ys örän ýa­kym­ly bol­ýar. Bu ys ösüm­li­giň esa­sy to­zan­laý­jy­sy bo­lan tom­za­jy­gy özü­ne çek­ýär. Su­mat­ra­nyň mer­ke­zin­dä­ki tropik to­kaý­la­r­da bit­ýän bu ösümlik 8-20 ýyl­dan bir ge­zek gül­le­ýär. Bu gü­lüň tä­sin ta­ra­py onuň uly bol­ma­gy­dyr. Açy­lan gü­lüň ini 5 met­re ýet­ýär. Ösüm­lik me­lew­şe ýa-da go­ýy-gyr­my­zy reňk­li ýekeje gül aç­ýar.
«Go­ýun aw­laý­jy» at­ly gü­lüň wa­ta­ny Çi­li bo­lup, bu ti­ken­li ösüm­li­giň go­ýun­la­ry we guş­la­ry özü­ne çe­ki­ji hä­si­ýe­ti bar. Bo­ýy 10 met­re ýet­ýär. Onuň on­lar­ça ýa­şyl-sa­ry gül­le­ri­ni gör­mek üçin 11 ýy­la go­laý wagt ga­raş­ma­ly bol­ýar.
Gi­ma­laý dag­la­ry­nyň etek­le­rin­de ös­ýän uly ösüm­lik­le­riň bi­ri­ «Äpet Gi­ma­laý li­li­ýa­sy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Ol 7 ýyl­da 10 metr be­ýik­li­ge ýet­ýär hem-de sur­naý şe­kil­li ak-gyr­my­zy gül aç­ýar. Li­li­ýa­nyň bu gör­nü­şi gül­le­me­dik ma­ha­ly ýal­pyl­da­wuk ýa­şyl ýap­rak­ly bol­ýar. Ösüm­lik gül­län­soň gu­ra­ýar, ýö­ne gaý­ta­dan ös­me­gi üçin bir­nä­çe ow­nuk kök­le­ri­ni gal­dyr­ýar.