3-nji fewralda Singapurda Aziýanyň awiasiýa pudagynyň iň iri sergisi açyldy. Bu çäre sebitiň ösüş boýunça belent maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir. Iki ýyldan bir gezek geçirilýän 10-njy Singapur awiasiýa sergisine 1000-den gowrak kompaniýa gatnaşýar. Olaryň arasynda “Airbus” we “Boeing” ýaly dünýä ägirtleri, “ST Engineering” kompaniýasy, şeýle hem uçarmansyz uçuş enjamlaryna (dronlara) ýöriteleşen kompaniýalar bar.
Aziýa-Ýuwaş umman sebiti awiagatnawlaryň göwrümi boýunça dünýäde iň çalt ösýän sebitdir. Muňa Hytaý we Hindistan uly goşant goşýar. 2026-njy ýyla çenli ýolagçy akymynyň 7,3% ösmegine garaşylýar, emma uçar we hereketlendiriji öndürijiler flotlary giňeltmek baradaky barha artýan islegi kanagatlandyrmakda kynçylyk çekýärler.

“Boeing” kompaniýasy “Air Cambodia” bilen 10 sany “737 MAX” uçaryny ibermek baradaky şertnamany yglan etdi. Hytaýyň uçar öndürijisi COMAC hem C919 kysymly ýolagçy uçary bilen köpçüligiň ünsüni çekmäge çalyşýar; bu uçar sergä eýýäm ikinji gezek gatnaşýar.
“Jefferies” seljeriş kompaniýasynyň hasaplamalaryna görä, 2012-nji ýyldan bäri dünýä awiasergilerinde kabul edilýän sargytlaryň diňe 5%-i Singapur awiasalonynyň paýyna düşýär. Bu görkeziji Pariž, Farnboro we Dubaý sergilerinden ep-esli pesdir. Muňa garamazdan, ol dünýäniň howa gatnawynyň, takmynan, 35%-ini özünde jemleýän Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde, uçar gatnawlaryna bolan barha artýan islegi kanagatlandyrmaga çalyşýan sebit awiakompaniýalarynyň ýolbaşçylary we uçar hem-de hereketlendiriji öndürijileri üçin möhüm duşuşyk nokady bolup hyzmat edýär.
“Alton Aviation Consultancy” maslahat beriş kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2024-nji we 2044-nji ýyllar aralygynda dünýäniň iň çalt ösýän 10 sany awiagatnaw bazarynyň sekizisiniň Hindistan, Hytaý we Günorta-Gündogar Aziýa boljakdygy çaklanylýar.
Günüň dowamynda geçirilen şou programmasynyň çäginde Singapuruň, Indoneziýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň we Awstraliýanyň harby howa güýçleriniň uçarmanlary görkezme uçuşlaryny amala aşyrdylar.
Belläp geçsek, duşenbe güni Singapur şu ýylyň 1-nji aprelinden doly güýjünde işläp başlajak Milli kosmos agentliginiň (NSAS) döredilýändigini hem mälim etdi. Täze kosmos agentligi, orbitanyň elýeterliliginiň artmagy we arzanlamagy netijesinde 2035-nji ýyla çenli göwrümi 1,8 trillion dollara ýetip biljek dünýä kosmos ykdysadyýetinde ýurduň ornuny berkitmäge niýetlenendir.
PDF









