1959-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Singapuryň häzirki baýdagy tassyklanýar. Ýurt şondan alty aý ozal – 3-nji iýunda Britan Imperiýasyndan özbaşdaklygyny alýar. Günorta-gündogar Aziýada birnäçe adadan durýan şäher döwleti 1965-nji ýylyň 9-njy awgustynda Malaýziýadan garaşsyzlygyny alyp doly garaşsyz ýurt bolýar. Häzirki wagtda Singapur Respublikasy tehnologiýa babatda dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň biri bolup, global kompaniýalaryň ylmy tejribelerini we barlaglaryny geçirýän ýerleriniň biridir.
PDF









