Italiýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Inter” arany açmagyny dowam edýär.

“Inter” 26-njy tapgyrda myhmançylykda “Leççe” toparyny soňky 15 minutda Mhitarýan (75) hem-de Akanžiniň (82) geçiren gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňdi.

2-nji ýerdäki “Milan” topary öz meýdançasynda “Parmadan” 1-0 hasabynda asgyn geldi. Soňky gezek çempionatyň çäginde 1-nji tapgyrda, ýagny awgust aýynda utulan “Milanyň” 24 oýunlyk ýeňlişsiz seriýasy tamamlandy. “Parma” toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 80-nji minutda Troila geçirdi. Iki toparyň arasyndaky 1-nji oýunda-da “Milana” ýeňiş gazanmak başartmandy (2-2). Bu ýeňlişden soň “Inter” “Milandan” 10 utuk öňe saýlandy.

Soňky çempion “Napoli” myhmançylykda “Atalantadan” öňe geçendigine garamazdan, 2-1 hasabynda ýeňildi.

Öz meýdançasynda “Komodan” 2-0 hasabynda asgyn gelen “Ýuwentus” çempionatda bassyr 2-nji, umumylykda 3-nji duşuşygynda utuldy. “Komonyň” gollaryny Woýwoda bilen Kakre öz atlaryna ýazdyrdylar.

“Roma” bolsa öz meýdançasynda “Kremoneze” toparynyň derwezesinden jogapsyz 3 gol girizdi.

 

Sassuolo – Werona: 3-0 (Pinamonti 40, Berardi 44, 62),

Ýuwentus – Komo: 0-2 (Woýwoda 11, Kakre 61)

Leççe – Inter: 0-2 (Mhitarýan 75, Akanži 82),

Kaliari – Lasio: 0-0,

Jenoa – Torino: 3-0 (Norton-Kaffi 21, Ekuban 40, Messias 83),

Atalanta – Napoli: 2-1 (Paşaliç 61, Samaržiç 81 – Beukema 18),

Milan – Parma: 0-1 (Troila 80),

Roma – Kremoneze: 3-0 (Kristante 59, Ndika 77, Pisilli 86),

Fiorentina – Pisa

Bolonýa – Udineze