Angliýanyň çempionatynda öňdebaryjy “Arsenala” myhmançylykda “Bornmuty” ýeňmek ýeňil düşmedi. 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan londonlylaryň gollaryny Gabriel (16) bilen Deklan Raýs (54, 71) geçirdi.

Tapgyryň merkezi oýnunda “Mançester Siti” öz meýdançasynda “Çelsi” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri Reýndersiň 42-nji minutdaky goly esasynda 1-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik “Çelsi” topary 90+4-nji minutda Enzo Fernandesiň goly bilen hasaby deňledi. Bu deňlikden soň “Arsenal” 2-nji ýerdäki “Mançester Siti” bilen utuk aratapawudyny 6-a çykardy.

3-nji ýerdäki “Aston Willa” öz meýdançasynda “Nottingam Foresti” Watkins hem-de MakGinniň (2) gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňip, utugyny “Mançester Siti” bilen deňlemegi başardy.

90-njy minutdan soň öňe geçse-de, ýeňşi elden giderdi

Soňky çempion “Liwerpul” myhmançylykda “Fulham” bilen duşuşdy. Oýunda ýer eýeleri 17-nji minutda Wilsonyň goly bilen öňe geçdi. “Liwerpul” bu gola 40 minutdan soň, ýagny 57-nji minutda Wirtsiň goly bilen jogap berdi. Duşuşygyň 90+4-nji minutynda Gakpo “Liwerpuly” öňe saýlady. Ýöne 90+2-nji minutda oýna giren Harrison Rid 90+7-nji minutda hasaby deňläp, toparyny ýeňlişden halas etdi.

20-nji tapgyrda ilkinji ýeňiş

“Mançester Ýunaýtediň” myhmançylykda “Lids” bilen deňme-deň oýnan tapgyrynda iň aşaky orunda barýan “Wulwerhempton” öz meýdançasynda “West Hamy” 3-0 hasabynda ýeňmegiň hötdesinden geldi. Bu olaryň şu möwsümdäki ilkinji ýeňşi bolup, olar şol ýeňiş üçin 20 tapgyr garaşmaly boldular.

20-nji tapgyryň netijeleri:

Aston Willa – Nottingam Forest: 3-1 (Watkins 45+1, MakGinn 49, 73 – Gibbs-Waýt 61)

Braýton – Börnli: 2-0 (Rütter 29, Aýýari 47)

Wulwerhempton – West Ham: 3-0 (Arias 4, Hi Çan Hwan 31 p, Mane 41)

Bornmut – Arsenal: 2-3 (Ewanilson 10, Krupi 77 – Gabriel 16, Raýs 54, 71)

Lids – Mançester Ýunaýted: 1-1 (Eronson 62 – Mateus Kunýa 65)

Nýukasl – Kristal Palas: 2-0 (Gimaraýns 71, Tiaw 78)

Tottenham – Sanderland: 1-1 (Dewis 30 – Brobbi 81)

Fulham – Liwerpul: 2-2 (Wilson 17, Rid 90+7 – Wirts 57, Gakpo 90+4)

Ewerton – Brentford: 2-4 (Beto 66, Barri 90+1 – Tiago 11, 51, 88, Kollins 50)

Mançester Siti – Çelsi: 1-1 (Reýnders 42 – Fernandes 90+4)