“Sony” täze winil plastinka pleýerlerini çykarjakdygyny mälim etdi. ýapon kompaniýasynypň şeýle enjamy öndürmängine birnäçe ýyl geçipdi. Enjamyň iki görnüşi bar – 400 dollarlyk PS-LX3BT we 500 dollarlyk PS-LX5BT. Iki model hem ýönekeý ulanmaga niýetlenen, hem simli birikmäni, hem “Bluetooth”-y goldaýar.
Iki pleýer hem doly awtomatik tertipde işleýär: bir düwme bilen plastinka aýlanmaga başlaýar, iňňe emaý bilen aşak düşýär, aýdym gutarandan soň bolsa awtomatik usulda ýokary galýar. Dury gapak plastinkany tozandan goraýar we şol bir wagtyň özünde winili görmäge mümkinçilik berýär.
Modeller çykyş signalynyň içerki öwrüjisi (pereklyuçatel) bilen enjamlaşdyrylan. Şeýle hem USB girişi göz öňünde tutulan, onuň kömegi bilen winili sanly görnüşe geçirip we kompýuterde saklap bolýar.
Modelleriň arasyndaky esasy tapawutlar — gurluşyň jikme-jikliklerinde. PS-LX5BT modelinde has takyk zwukosnimatel (ses ýazgysyny ses güýçlendirijiniň üsti bilen eşitdirmek üçin apparat), aýrylýan audiokabeller we titremäni azaldýan rezin düşekçeli alýumin disk bar. Bu nusgada şeýle hem gohy azaltmak üçin has ýokary hilli elektron komponentler ulanylýar.
PS-LX3BT eýýäm öňünden sargyt etmek üçin elýeterli we fewralda satuwa çykar, PS-LX5BT bolsa aprelde peýda bolar.
PDF









