25-nji fewralda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) Ýewropa Bileleşigi (ÝB) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistan: Söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa” atly taslamasynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Bu çäre, dünýä standartlaryna laýyklykda serhetara söwdasyny alyp barmak üçin şertleri kämilleşdirmek boýunça çäreleri Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirmekde möhüm tapgyrlaryň biri boldy. Milli ministrlikleriň we edaralaryň, şeýle hem hususy pudagyň wekillerini jemlän duşuşykda, BSG-niň Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça ylalaşygyň (SAÝY) düzgünlerine laýyklygyna mundan ozal geçirilen bahalandyrmanyň esasynda Türkmenistanyň söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça Ýol kartasyny işläp düzmek boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar serhetara söwdany rejeleşdirmek we BSG-niň SAÝY çärelerini mundan beýläk durmuşa geçirmek boýunça esasy strategiýalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Serhetara söwdany kadalaşdyrmak boýunça milli tejribeleriň BSG-niň talaplaryna laýyklygynyň çuň seljermesini bolup durýan “SAÝY laýyklygyna baha bermek hakynda hasabatyň” tanyşdyrylmagy çäräniň esasy pursatlarynyň biri boldy. HSM we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) hünärmenleri söwda amallaryny ýeňilleşdirmek we ýurduň BSG girmek boýunça tagallalaryna ýardam bermek üçin zerur bolan kadalaşdyryjy-hukuk binýadyndaky möhüm üýtgeşmeler barada habar berdiler. Milli edaralaryň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça kanuny özgerişler, söwda amallaryň ýeňilleşdirilmegi we başlangyçlar maslahatyň üns merkezinde boldy.
ÝB-niň Gazagystandaky wekiliýetiniň hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Jenap Ýohannes Baur bu özgerişleri diňe kabul etmegiň däl-de, eýsem netijeli durmuşa geçirmek boýunça ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň hyzmatdaşlygynyň ýokary ähmiýetini belledi. Ol Türkmenistanyň halkara standartlaryna gabat gelmek boýunça ygrarlygynyň ykdysady durnuklylygy we sebitleýin integrasiýany pugtalandyrmaga ýardam berýändigini nygtady.
Interaktiw okuw sapagy – duşuşygyň esasy aýratynlygy boldy. Onuň dowamynda gatnaşyjylar, şol sanda ministrlikleriň, hökümet we gümrük edaralaryň, şeýle hem hususy pudagyň wekilleri söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça ileri tutulýan çäreleriň kiçi ýol kartalaryny bilelikde işläp taýýarladylar. Bu interaktiw gönükme gerek bolan özgerişler barada amaly düşünjäni almaga hem-de döwlet we hususy pudaklarynyň gyzyklanma bildirýän taraplarynyň arasyndaky gepleşigi pugtalandyrmaga mümkinçilik berdi.
Bilermenleriň duşuşygynda, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak boýunça has giň tagallalaryň çäklerinde söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça özgerişleri öňe sürmekde Türkmenistanyň ygrarlylygy tassyklanyldy. Döwlet edaralary bilen hususy pudagyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlyga ýardam berip, ýurt has netijeli we aýdyň söwda gurşawyny döretmek boýunça anyk ädimleri edýär. ÝB we HSM yzygiderli tehniki goldawy we syýasy maslahatlary berip, Türkmenistanyň söwda integrasiýasynyň ýolunda durnukly ösüşi üpjün edip, bu başlangyçlary goldamagy maksat edinýär.
Taslama hakynda
Halkara söwda merkezi (HSM) Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi (ÝB) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistan: Söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa” dört ýyllyk tehniki goldaw bermek taslamasyny durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň ykdysady ösüşine, şeýle hem ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam bermek – taslamanyň maksady bolup durýar. Bu, iş gurşawyny gowulandyrmak arkaly söwdada bäsdeşlige ukyplylygy artdyrmak ýoly bilen gazanylar. Taslama Türkmenistanyň halkara ykdysady özara işleşmegine we onuň sebitleýin hem-de global söwda gatnaşygyna ýardam bermäge gönükdirilendir.