Hytaýyň Baş gümrük gullugy tarapyndan ýaýradylan maglumatlara görä, 2021-nji ýylda Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 35,8 göterim ösüp, rekord derejede – 146,887 milliard dollara barabar boldy. Hasabat döwründe Hytaýyň Russiýa eksporty ýyllyk görkezijide 33,8 göterim ýokarlanyp, 67,565 milliard dollara deň boldy. Russiýadan Hytaýa iberilýän önümler bolsa, 37,5% ýokarlanyp, 79,322 milliard dollara ýetdi.
2021-nji ýylyň dekabrynda Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 16,44 milliard dollara ýetdi. Russiýa Hytaýdan 8,136 milliard dollarlyk haryt getiren bolsa, Hytaý Russiýa Federasiýasyndan 8,306 milliard dollarlyk haryt import etdi. 2020-nji ýylyň ahyrynda Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2,9 göterim azalyp, 107,76 milliard dollara deň bolupdy.
Söwda dolanyşygy ýokarlanýar
Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük gullugy tarapyndan ýaýradylan maglumatlara görä, 2021-nji ýylda ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 28,7% ýokarlanyp, 755,645 milliard dollara barabar boldy. Hytaýyň Baş gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda Hytaýdan ABŞ-a eksport 27,5 göterim artyp, 576,114 milliard dollara ýetdi. Şol bir wagtyň özünde ABŞ Hytaýa 179,530 milliard dollarlyk haryt ugradyp, bu görkezijiniň 2020-nji ýyldakydan 32,7 göterim köpdügi bellenilýär. Aýry-aýrylykda, dekabr aýynda ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 73,497 milliard dollara ýetip, Hytaýdan ABŞ-a eksport 56,365 milliard dollara, Hytaýyň ABŞ-dan importy 17,132 milliard dollara ýetdi.