20-nji aprelde “Soýuz MS-26” kosmos gämisiniň halkara ekipažy Halkara kosmos bekedinden Ýere gaýdyp geldi. Rus kosmonawtlary Alekseý Owçinin, Iwan Wagner we amerikaly kosmonawt Donald Pettit Gazagystanyň Baýkoňyr geçen ýylyň 11-nji sentýabrynda Halkara kosmos bekedine uçurylypdy. Şeýlelikde olar kosmos giňişliginde 220 gün boldular. Olar wezipesi döwründe Ýeriň daşyndan 3 müň 520 gezek aýlanyp, jemi 150 million kilometrden gowrak ýol geçdiler. Adatça astronawtlaryň we kosmonawtlar Halkara kosmos bekedinde 6 aý bolýarlar.
Şeýle hem amerikan astronawty Donald Pettitiň doglan gününde Ýere gaýdyp gelendigi bellenildi. Pettit häzirki wagtda NASA-da zähmet çekip ýören iň garry astronawt hasaplanýar. 70 ýaşyna aýak basan Pettit 1955-nji ýylyň 20-nji aprelinde dünýä inipdir. Ol kosmosa bolan dört saparynyň çäklerinde jemi 590 gün bolupdyr.
Mundan ozal, 1998-nji ýylda NASA-nyň astronawty Jon Glenn kosmos missiýasyna gatnaşan iň garry astronawt bolupdy. Ol 77 ýaşynda wagty kosmosda bolupdy. Glenn 2016-njy ýylda aradan çykypdy.