Şu günleri Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdymyzyň ähli ýerlerinde sport çäreleri ýokary derejede geçirilýär. Bütin dünýä saglyk güni mynasybetli Köneürgenç etrabynyň 2-nji sport mekdebinde hem etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, sport, bilim, medeniýet bölümleriniň bilelikde gurnamagynda “Sport sagdynlygyň sakasy” ady bilen sport çäreleri geçirildi. Sport çäresine etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz işjeň gatnaşdylar. Uly ruhubelentlikde geçirilen sport çäreleriniň dowamynda woleýbol, şaşka, küşt, stol tennisi ýaly sport görnüşlerinden ýaryşlar guraldy, welosiped ýörişleri geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bütündünýä saglyk gününiň çäreleri aýratyn many-mazmuna eýe bolmagy, ýaşlarmyzyň sporta, sagdynlyga ygrarlydygyny açyp görkezdi. Sport mekdebiniň öňündäki meýdançada etrap medeniýet bölüminiň we çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Perman Babajanow, Maksat Meredow, Geldimyrat Soltanmyradow, Aýmyrat Haýtekow, Arzygül Duşemowa ýaly aýdymçylar sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen ýurdumyzda sport ulgamynda ýetilen sepgitleri, bagtyýar döwrümizi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň rowaç işlerini wasp etdiler.
Bahar HAKBERDIÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň kätibi.