Amerikan Milli basketbol ligasy NBA-nyň meşhur toparlaryndan “Los Anjeles Leýkersiň” eýesi üýtgär. Has takygy, NBA-nyň iň köp çempionlyk gazanan 2-nji toparynyň häzirki eýesi Basslaryň maşgalasy kluby satuwa çykardy. Netijede, toparyň täze eýesi MLB-niň klublaryndan “Los Anjeles Dojersiň” hem paýnamalarynyň eýesi Mett Wolter bolar. Bu barada ESPN taraplaryň ylalaşyk gazanandygyny habar berýär. Wolter “Los Anjeles Leýkersiň” paýnamalarynyň agramly bölegi üçin 10 milliard dollary Basslaryň maşgalasyna tölär. Basslaryň maşgalasy LA Leýkersi” 45 ýyl öň 67,5 million dollara satyn alypdy.
Angliýanyň “Premier Ligasynyň” wekillerinden “Çelsi” bilen bir hatarda, WNBA-nyň klublaryndan “Los Anjeles Sparksyň” hem esasy paýdary bolan Wolter 2021-nji ýyldan bäri “Los Anjeles Leýkers” toparynyň hem 21 göterimlik paýnamasynyň eýesidi.
Şeýlelikde, “Los Anjeles Leýkers” sport äleminiň taryhyndaky iň ýokary baha satyn alnan kluby bolar. Bu ugurda ozalky rekord NBA-nyň başga bir kluby, iň köp çempionlyk gazanan topary “Boston Seltikse” degişlidi (6,1 milliard dollar).
10 – Karolina Panters – NFL | 2,2 milliard dollar
9 – Bruklin Nets – NBA | 2,4 milliard dollar
8 – Nýu Ýork Mets – MLB | 2,4 milliard dollar
7 – Milwaki Baks – NBA | 3,5 milliard dollar
6 – Finiks Sans – NBA | 4 milliard dollar
5 – Denwer Bronkos – NFL | 4,7 milliard dollar
4 – Çelsi – APL | 5,3 milliard dollar
3 – Waşington Kommanders – NFL | 6,05 milliard dollar
2 – Boston Seltiks – NBA | 6,1 milliard dollar
1 – Los Anjeles Leýkers – NBA | 10 milliard dollar