Ýurdumyzyň statistika ulgamy döwrüň talabyna görä kämilleşdirilýär hem-de bu ugurda halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” statistika ulgamyny Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine laýyklykda alyp barmak göz öňünde tutulandyr. Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşine geçmegiň çäklerinde birnäçe döwlet klassifikatorlary, maliýe, bank we ätiýaçlandyryş işi, ylym, syýahatçylyk bilen bagly hem-de esasy serişdeleriň sarp edilişini hasaplamagyň täze usulyýetleri işlenip taýýarlanyldy we statistika işine ornaşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, 10-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu babatda degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň statistika ulgamynyň döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilýändigini hem-de bu ugurda halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi we statistika ulgamyny Milli hasaplar ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşi esasynda alyp barmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.