Şu gije UEFA Çempionlar Ligasynda liga tapgyrynyň iň soňky duşuşyklary, ýagny 8-nji oýunlar geçiriler. Şol duşuşyklardan soň haýsy toparyň ýaryşy öňdäki 8-likde tamamlajakdygy, şol sanda 9-16-njy we 17-24-nji orunlary eýelejek klublar belli bolar. Gysgaça aýdylanda, şu gije jüýjäniň sanaşylýan gijesi bolup, duşuşyklaryň ählisi-de Aşgabat wagty bilen ýarygijeden soň, 01:00-da başlanar.
Sanawy ilkinji 8-likde tamamlanlar 1/8 finala gönümel çykarlar. 7-nji oýunlardan soň “Arsenal” bilen “Bawariýa” bu hukuga eýe bolupdy. 9-24-nji orunlarda tamamlan toparlar 1/8 finala çykmak üçin pleý-off tapgyryny geçirmeli bolarlar. 9-16-njy orunlar pleý-off tapgyrynyň
8-nji tapgyryň iň esasy ünsi çekýän duşuşyklary hökmünde “Borussiýa Dortmund” – “Inter”, PSŽ – “Nýukasl”, “Benfika” – “Real Madrid”, “Napoli” – “Çelsi”, “Mançester Siti” – “Galatasaraý” duşuşyklary öňe saýlanýar.
8-nji duşuşyklar (01:00)
Aýaks – Olimpiakos
Arsenal – Kairat
Monako – Ýuwentus
Atletik Bilbao – Sporting
Atletiko Madrid – Bude-Glimt
Baýer – Wilýarreal
Borussiýa Dortmund – Inter
Klub Brýugge – Marsel
Aýntraht – Tottenham
Barselona – Kopengagen
Liwerpul – Garabag
Mançester Siti – Galatasaraý
Pafos – Slawiýa Praga
Pari Sen-Žermen – Nýukasl
PSW – Bawariýa
Ýunion Sent-Žilluaz – Atalanta
Benfika – Real Madrid
Napoli – Çelsi
PDF









