Şu gün Italiýanyň demirgazyk sebitinde, Lombardi welaýatynyň çäginde ýerleşýän Milan şäherinde we Kortina-d’Ampezzo şäherçesinde XXV gyşky Olimpiýa oýunlaryna badalga berler. 22-nji fewrala çenli 17 günläp dowam etjek iri sport çäresiniň açylyş dabarasy Milan şäherindäki “San Siro” stadionynda geçiriler. Olimpiýa oýunlaryna 93 ýurtdan 2871 türgen (1533 erkek, 1338 zenan) gatnaşar. Iň köp türgen ABŞ-dan (233), soňra Kanadadan (210) hem-de ýer eýeleri Italiýadan (196) wekilçilik eder. Şeýle-de, Milan-Kortina Olimpiadasy iň köp zenan türgeniň gatnaşýan gyşky Olimpiýa oýunlary bolar. Milan-Kortina Olimpiadasyna gatnaşýan russiýaly türgenler Özbaşdaky bitarap türgenler ady bilen gatnaşarlar. Benin, Gwineýa-Bissau hem-de BAE-den türgenler ilkinji gezek gyşky Olimpiýa oýunlaryna wekilçilik ederler. Wenesuela, Singapur, Günorta Afrika, Urugwaý, Keniýa belli wagtlyk arakesmeden soň ýene-de gyşky Olimpiada gatnaşarlar. Mundan 4 ýyl öň gatnaşan Amerikan Samoasy, Gana, Peru, Timor-Leste hem-de Wirjin adalarynyň wekilleri bu gezek Milan-Kortinada wekilçilik etmezler.
Ilkinji gezek 8 sport görnüşiniň 16 ugry bolar
Türgenler gyşky sport görnüşleriniň umumylykda 8-siniň 16 ugry boýunça özara bäsleşerler. Sport görnüşleri boýunça iň ýokary görkezijiler Milan-Kortina Olimpiadasyna hasaba alynýar. Geçiriljek 116 ýaryşdan soň şonça türgene aýratynlykda altyn, kümüş we bürünç medallar gowşurylar. Türgenler gyşky sport görnüşleriniň biatlon (biatlon), bobsleý (bobsleý, skleton), körling, konkili görnüşler (figuralaýyn typmak, konkili sport, şort-trek), hokkeý, ski-alpinizm, sannili typmak, lyža görnüşleri (dag lyžasy, lyžaly ýaryş, iki görnüşli lyža, tramplinden lyžaly bökmek, fristaýl hem-de snoubord) ugurlary boýunça Olimpiýa çempionlygy üçin göreşerler. Ski-alpinizm gyşky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasynda ilkinji gezek orun alýar. Şol bir wagtyň özünde käbir ugurlarynyň käbir ýaryşlary-da ilkinji gezek maksatnama girizildi (fristaýl – parallel mogul, sannili typmakda jübütleýin zenanlar, tramplinden lyžaly bökmek – zenanlar uly tramplin, skeletonda toparlaýyn ýaryş).
PDF









