Ýurdumyzyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda sahnalaşdyrylyp, ençeme ýyllaryň dowamynda teatryň sahnasyny bezäp, halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan, maşgala agzybirligi barada gürrüň berýän, ýazyjy Nobatguly Rejebowyň pýesasy esasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň sahnalaşdyran «Gabanjaň gelin» atly sahna oýny megerem teatr muşdaklarymyzyň ýadynda bolsa gerek. Spektaklda, esasan, maşgalada bolup geçýän durmuşy wakalar dogrusynda söhbet açylýar. Şol sahna oýnunda baş keşp bolan Doýdugyň keşbini döreden, Türkmenistanyň at gazanan artisti Mamagül Durdyýewa bilen söhbetdeş bolup, okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.

– Ma­ma­gül, söh­be­ti­mi­zi sun­gat äle­mi­ne gel­şi­ňiz­den baş­la­ýa­ly?
– Men 1962-nji ýyl­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Garaşsyzlyk et­ra­by­nyň Aş­ga­bat daý­han bir­le­şi­gin­de do­gul­dym. Or­ta bi­li­mi oba­myz­da­ky or­ta mek­dep­de okap, 1979-njy ýyl­da oňat ba­ha­lar bi­len ta­mam­la­dym. Men okuw­dan boş wagt­la­rym mek­de­bi­miz­de he­re­ket ed­ýän çe­per hö­wes­jeň­ler gur­na­gy­na gat­na­şyp, aý­dym aý­dyp, tans ed­ýär­dim. Dep­de saz çal­mak me­ni has-da gy­zyk­lan­dyr­ýar­dy. Şeý­dip men en­tek mek­dep­de oka­ýar­kam «Dep­çi gyz» ady­na eýe bo­lup­dym. Men okuw­dan soň oba me­de­ni­ýet öýü­niň çe­per hö­wes­jeň­le­r toparyna go­şu­lyp, pag­ta­çy­la­ryň gü­nor­tan ara­kes­me wag­tyn­da be­ril­ýän kon­sert­ler­de dep saz guraly bi­len çy­kyş ed­ýär­dim. Me­niň ça­ga­lyk­dan sun­ga­ta im­rin­me­gi­me ka­kam se­bäp bo­lup­dy. Çün­ki me­niň ka­kam Nur­baý Dur­dy­ýew oba me­de­ni­ýet öýün­de ki­no­me­ha­nik bo­lup iş­le­ýär­di. Bi­ziň ýaş dö­wür­le­ri­miz­de ma­wy ek­ran ar­ka­ly «Baý we Bat­rak» at­ly spek­takl gör­ke­zil­ýär­di. Şol oýun­da Je­mi­lä­niň keş­bi­ni dö­re­den Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Ýe­li­za­we­ta Ga­ra­ýe­wa­nyň, Ha­jy enä­niň keş­bi­ni dö­re­den Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Fah­ri­ýa Aly­ýe­wa­nyň öz­le­ri­ne yna­ny­lan keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­riş­le­ri­ni syn­lap, me­ni­ňem şo­lar ýa­ly ar­tist bo­lup, keşp dö­re­de­sim ge­ler­di. Şeý­di­bem, 1979-njy ýyl­da or­ta mek­de­bi ta­mam­la­nym­dan soň, öň­ki Mol­la­ne­pes adyn­da­ky Türk­men döw­let aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry­nyň ýa­nyn­da­ky ar­tist­le­ri taý­ýar­la­ýan teatr stu­di­ýa­sy­na oku­wa gir­dim.
– Ma­ma­gül, söh­bet­deş­ligi­mi­ziň şu ýe­rin­de ta­lyp­lyk ýyl­la­ry­ňyz barada hem gürrüň beräýseňiz?
– Teatr stu­di­ýa­syn­da döw­let sy­na­gy­ny Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Ata Alo­wow al­dy. Men aý­dym aý­dyp, goş­gy okap, «Baý we Bat­rak» te­le­wi­zi­on spek­tak­lyn­da­ky Ha­jy enä­niň iç­gep­let­me­si­ni (mo­no­lo­gy­ny) aý­dyp be­rip, şeý­le-de sa­zy­ny özüm ça­lyp, öz­bek tan­sy­ny hem ýe­ri­ne ýe­ti­rip be­rip, sy­nag­lar­dan ge­çip, ta­lyp bo­lup ga­ly­ber­dim. Teatr stu­di­ýa­syn­da ma­ňa ha­ly­pa ar­tist­ler Nur­mu­ham­met Keş­i­kow­dan, Gy­lyç Ber­di­ýew­den, Ba­zar Ama­now­dan, Mu­ham­met Çer­ke­zow­dan, So­na we Su­raý My­ra­do­wa­lar­dan, Sa­byr Ata­ýe­wa­dan akt­ýor us­sat­ly­gy­nyň in­çe til­sim­le­ri­ni öw­ren­mek­lik mi­ýes­ser et­di. Teatr stu­di­ýa­syn­da oka­ýar­kam men te­at­ryň sah­na­syn­da sah­na­laş­dy­ryl­ýan spek­takl­la­ryň köp­çü­lik sah­na­la­ry­na syp­dyr­man gat­naş­ýar­dym. Teatr stu­di­ýa­sy­nyň soň­ky ýyl­la­ryn­da biz to­pa­ry­myz bo­lup, dürli sah­na oý­unlary sah­na­laş­dyr­dyk. Bu sah­na oý­unlaryn­da ma­ňa dürli keşpleri ynan­dy­lar. Şol keş­pleri dö­re­de­nim­den soň ma­ňa «Iň oňat zenan keş­bi­ üçin» hor­mat ha­ty hem ber­lip­di. Men bu sy­lag üçin mu­gal­lym­la­rym Ata Alo­wo­wa, An­na­my­rat Ber­di­ýe­we, Aman Gur­ban­dur­dy­ýe­we, Wel­my­rat Ama­no­wa min­net­dar­dy­ryn. Teatr stu­di­ýa­sy­ny ta­mam­la­nym­dan soň, 1982-nji ýyl­da bi­zi to­pa­ry­myz bi­len Mol­la­ne­pes te­at­ryn­da işe alyp gal­dy­lar. Şon­da ma­ňa te­at­ryň sah­na­syn­da il­kin­ji ge­zek ha­ly­pa ar­tist­le­re go­şu­lyp «Ha­zy­na» at­ly sah­na oý­nun­da keşp dö­ret­mek­lik yna­nyl­dy. Men met­bu­gat­dan Gru­zi­ýa­dan hem-de Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­den öň­ki A. Gul­mäm­me­dow adyn­da­ky Ýaş to­ma­şa­çy­lar te­at­ry­na we­kil­le­riň ge­lip, türk­men og­lan-gyz­la­ryn­dan hö­we­sek­le­rini oku­wa al­ýan­dy­klary ba­ra­da­ky bil­di­ri­şi oka­dym. Der­rew ge­rek­li res­mi­na­ma­la­ry­my tab­şy­ryp, iki ýur­duň we­kil­le­ri­niň öňün­de hem sy­nag­dan geç­dim. Me­niň hö­we­sim Sankt-Pe­ter­burg­da oka­mak­dy. Ýö­ne Gru­zi­ýa­dan ge­len belli režissýor Rem Da­wy­do­wiç Şa­ptoş­wil­i­niň yh­la­sy bi­len men Tbilisiniň Şo­ta Rus­ta­wel­i adyn­da­ky teatr ins­ti­tu­ty­nyň dra­ma we ki­no akt­ýo­ry bö­lü­mi­niň ta­ly­by bo­lup okap baş­la­dym. Mu­ňa ka­kam bi­len eje­mem göw­ne­män dur­ma­dy­lar. Oku­wy­myň do­wa­myn­da 3 sa­ny sah­na oý­nu­ny sah­na­laş­dyr­dy­lar. Ma­ňa bol­sa «Dok­tor Aý­bo­lit» at­ly er­te­ki oý­nun­da 3 sa­ny keş­bi, ýag­ny gar­la­wa­jyň, maý­my­nyň, do­ňu­zyň keşp­le­ri­ni dö­ret­me­gi ynan­dy­lar. Bi­ziň bu oý­nu­myz ýokary baha mynasyp boldy. Ýe­ne-de ma­ňa «Göýdük» at­ly sah­na oý­nun­da aýal maş­ga­laň keş­bi­ni, şeý­le-de «Ro­meo we Ju­let­ta» sah­na oý­nun­da bol­sa Ju­let­ta­nyň ene­ke­si­niň keş­bi­ni dö­ret­me­gi ynan­dy­lar. 1986-njy ýyl­da ýo­ka­ry oku­wy ta­mam­lap, öň­ki Ýaş to­ma­şa­çy­lar hä­zir­ki Alp Ars­lan adyn­da­ky mil­li dra­ma te­at­ryn­da ýaş ar­tist hök­mün­de iş­läp baş­la­dym. Hä­zir­ki gü­ne çen­li hem iş­läp gel­ýä­rin.
– Ma­ma­gül, te­at­ryň sah­na­syn­da dö­re­den keşp­le­riňiz ba­ra­da-da gür­rüň be­räý­se­ňiz?
– Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ni ta­mam­lap ge­le­ni­miz­den soň to­pa­ry­myz bo­lup, ta­lyp wag­ty­myz taý­ýar­lan «Dok­tor Aý­bo­lit» at­ly sah­na oý­nu­my­zy türk­men to­ma­şa­çy­la­ry­my­za hö­dür­le­dik. Şon­dan soň çy­kyş eden spek­takl­la­ry­myň esa­sy­la­ry­ny ag­zap ge­çe­ýin. Olar­dan «30-njy ýyl­lar», «Suw­ul­gan», «Tä­sin söý­gi», «Yş­kyň gä­mi­si ke­nar­da», «Hin­di ro­wa­ýa­ty», «Gy­za­ryp ýa­şan şa­pak», «Oýun bir, ma­za iki», «Eser­ler», «Je­mal», «Je­la­let­din», «Ga­ra­gu­muň bür­güt­le­ri», «Iki anek­dot», «Tä­ze maş­ga­la», «Aşyk Peý­ker», «Bir ba­kyş­da sö­ýen ýa­rym», «Ga­ban­jaň ge­lin», «Tort», «Gal­ky­nan gö­wün­ler», «Döw­let­li döw­ran gel­di», «Awa­za­da asal aýy», «Ha­las ediň», «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy», «Ak ýi­git we zü­mer­ret», «Go­ja çy­nar», «El­wan ýag­lyk­ly ser­wim», «Al­ty ge­lin» ýa­ly spek­takl­lar­da hä­si­ýet­le­ri bo­ýun­ça düý­bün­den bi­ri-bi­ri­ne meň­ze­me­ýän keşp­le­ri dö­ret­dim.
– Ma­ma­gül, söh­bet­deş­li­gi­mi­ziň do­wa­myn­da ki­no sun­ga­tyn­da dö­re­den keşp­le­ri­ňi hem ýat­lap ge­çäý­se­ňiz?
– Me­niň ki­no sun­ga­tyn­da dö­re­den il­kin­ji keş­bim 1986-1987-nji ýyl­lar­da «Türk­men­film» ki­nos­tu­di­ýa­syn­da su­ra­ta dü­şü­ri­len «Daş maň­laý» at­ly çe­per film­dä­ki baş keş­bim­dir. Şon­dan soň ma­ňa «Ýy­lan­ly ada» fil­min­de ta­lyp gy­zyň, «Ül­ker» fil­min­de ejä­niň, «Umyt mu­ka­my» fil­min­de Zy­ba­gö­ze­liň, «Ýer­läp uç­ýan la­çyn­lar» fil­min­de Tür­ge­niň aýa­ly­nyň, «Ömür ker­we­ni» at­ly köp se­ri­ýa­ly çe­per film­de Ogul­dur­sun daý­za­nyň keşp­le­ri­ni dö­ret­mek mi­ýes­ser et­di.
– Ma­ma­gül, dur­mu­şy­ňyz­da­ky iň ýat­da ga­ly­jy pur­sat­la­ry oky­jy­la­ry­myz bi­len paý­la­şaý­sa­ňyz?
– Ma­ňa 2011-nji ýyl­da hormatly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti di­ýen hor­mat­ly adyň da­kyl­ma­gy, me­niň sun­ga­ta bo­lan hö­we­si­mi has-da joş­dur­dy. Şo­nuň ýa­ly-da, 2015-nji ýyl­da Türk­menistanyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­si bol­mak bag­ty mi­ýes­ser et­di. 2007-nji ýyl­da te­at­ry­my­zyň baş ýol­baş­çy­sy, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Han­dur­dy Ber­di­ýew Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy No­bat­gu­ly Re­jebo­wyň pýe­sa­sy esa­sa­syn­da «Ga­ban­jaň ge­lin» at­ly gül­kü­li sah­na oý­nu­ny sah­na­laş­dy­ran­da eser­dä­ki baş gah­ry­ma­nyň, ýag­ny ga­ban­jaň ge­lin Doý­dugyň keş­bi­ni dö­ret­me­gi ma­ňa ynan­dy. Bu eser­dä­ki wa­ka­lar maş­ga­la ag­zy­bir­li­gi, är-aýa­lyň bi­ri-bi­ri­ne bo­lan söý­gü­si, maş­ga­la bin­ýa­dy­nyň berk­li­gi ba­ra­da bo­lup, ha­çan-da maş­ga­la­da ag­zy­bir­lik bo­lan­da ýe­til­me­jek sep­gi­diň ýok­lu­gy be­ýan edil­ýär. Doý­du­gyň keş­bi me­niň üçin iň söý­gü­li keşp bo­lup gal­dy.
– Ma­ma­gül, maş­ga­laň­da se­niň ýo­lu­ňa eýe­rip, sun­ga­ta kö­ňül be­re­ni bar­my?
– Ýan­ýol­da­şym, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Döw­let Han­mäm­me­dow hem me­niň bi­len bir teatr­da iş­le­ýär. Spek­takl­la­ryň ag­la­ba­syn­da onuň bi­len sah­na bi­le çyk­ýa­rys. «Ga­ban­jaň ge­lin» sah­na oý­nun­da-da ada­my­myň keş­bi­ni dö­ret­me­gi Döw­le­te ynan­dy­lar. Döw­let bi­len bir og­ly ös­dü­rip ke­ma­la ge­tir­dik. Ýö­ne og­lu­myz bi­ziň kä­ri­mi­zi saý­la­ma­dy, ede­bi­ýat, ta­ryh, ar­heo­lo­gi­ýa ug­ru­ny saý­la­dy.
– Ma­ma­gül, söh­be­ti­mi­ziň ahy­ryn­da gel­jek­ki dö­re­di­ji­lik mak­sat­la­ryň, ar­zuw-is­leg­le­riň ba­ra­da hem aý­daý­sa­ňyz?!
– Men hä­zir­ki gü­ne çen­li te­at­ryň sah­na­syn­da di­ňe oňat hä­si­ýet­li keşp­le­ri dö­re­dip gel­dim. In­di men hä­si­ýe­ti bo­ýun­ça ag­ras keşp­le­ri dö­ret­me­gi mak­sat edin­ýä­rin. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, me­de­ni­ýe­ti­mi­ze we sun­ga­ty­my­za uly hor­mat goý­ýan Gahryman Arkadagymyza berk jan sag­lyk, uzak ömür, alyp bar­ýan tu­tum­ly iş­le­ri­niň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­rin!

Söh­bet­deş bo­lan
Ak­my­rat Ho­ja­ber­di­ýew,
ki­no sun­ga­ty­ny öw­re­ni­ji.