Şol ýyl gyş pasly maýyl gelipdi. Men fewral aýynda agşamara işimden gelýärdim. Meniň ýolum Magtymguly şaýoluna düşüpdi. Şonda meniň münen ulagym Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň garşysyna gelende teatryň öňünde üýşüp duran märekä gözüm düşdi we ol ýerde näme bolup geçýäni bilen gyzyklandym. Görüp otursam teatrda şol gün “Janly heýkeller” atly täze sahna oýnunyň görkezilişi bolýan eken.

Soňra mende bu spektakla tomaşa etmek höwesi döredi. Spektaklda waka ýaş heýkeltaraşyň öz päk söýgüsine ýetmek üçin tapýan ugurtapyjylygy juda ýokary derejede suratlandyrylypdyr. Dost wepalylygy, ynsana hormat, döredijilige we zähmete sarpa, durmuşda gabat gelýän çykgynsyz ýagdaýlardan baş alyp çykmak ýaly ajaýyp duýgular we başarnyklar bu sahna eseriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu sahna eserinde keşpleri Medeniýet institutynyň teatr fakultetiniň ikinji ýyllyk talyplary janlandyrýan ekenler. Olaryň her haýsynyň özüne ynanylan keşpleri ussatlarça janlandyryşlary spektakla tomaşa edip oturan tomaşaçylarda buýsanç döredipdi. Soň görüp otursam bu spektakly institutyň kafedra müdiri wezipesinde zähmet çekip ýören Aýmämmet Işangulyýew sahnalaşdyrypdyr. Men Aýmämmedi öň hem gaýybana tanaýardym. Çünki onuň teatrlar üçin ýazan pýesalary, hekaýalary hem terjimeleri arkaly onuň dramaturg, terjimeçi, artistdigi maňa mälimdi. Meniň gözümiň öňünde onuň ýene-de bir wezipesi, oýun goýujy režissýorydygy hem mälim boldy duruberdi. Bu bolsa ata-babalarymyzyň “Ýigide müň dürli hünär hem azdyr” diýen parasatly pähimlerini aňladýar.

Şol spektakla tomaşa edenimden kän wagt geçmänkä men Aýmämmediň talyplary bilen sapak geçýän ýeri bolan Mollanepes adyndaky talyplar teatryna bardym hem-de özümiň Aýmämmet mugallym bilen duşuşmaga gelendigimi aýtdym. Şol wagt onuň sahnada talyplar bilen türgenleşik (repetisiýa) geçýändigini aýtdylar. Onsoň men teatryň tomaşaçylar zalyna baryp talyplaryň türgenleşik geçişlerini synlap başladym. Talyplar garabaşlaryna gaýdylar. Olar hem sözlerini aýdyp hem hereket edýärdiler. Şowhun-şagalaň al-asmana galýardy. Birdenem sahna Aýmämmet mugallym çykyp, olara düşündirip başlady. Ol talyplara “Alyp gidişiňiz gowy, ýöne has gowy etjek boluň, ynandyryjy etjek boluň. Aýdan sözleriňiz bilen hereketleriňiz gabat gelsin, ýerine ýetirýän keşbiňize özüňiz ynanyp janlandyrmasaňyz tomaşaçy size ynanmaz. Hany, boluň, täzeden” diýip talyplaryň sahnasyny synlap başlady.Elbetde dramaturgyň ýazan pýesasyny hakyky artistler bilen spektakl etjek bolsaň gör nähili zähmet çekmeli, bulara entek talyp, ýaňy bir artistçilige ýörjen-ýörjen bolup başlan höwesjeňler. Bular bilen artistleriňkä on, ýigrimi esse zähmet çekmeli bolýar. Munuň üçin režissýor ýiti zehinden daşgary ukyp-başarnyk, ýadap-ýaltanmazlyk, esasy zat bolsa çydamlylyk zerur bolup durýar. Şol agzalyp geçýänleriň bolsa hemmejesi Aýmämmet mugallymda jemlenipdir. Men şonda Aýmämmet mugallymyň öz saýlan kärinden lezet alyp, söýüp zähmet çekýänligine göz ýetirdim. Her bir işi hem söýüp, ondan lezzet alyp işlemeseň onuň önümi bolmaýar, sungatda-ha asla.

Şondan soň mende Aýmämmet Işangulyýewiň döredijilik ýoly bilen gyzyklanyp, ony okyjylar köpçüligine ýetirmek höwesi döräpdi.

1965-nji ýylyň ýanwar aýynyň 29-y güni Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynda gullukçynyň maşgalasynda dünýä inen Aýmämmediň kakasy Annamuhammet aga demirýolçy, ejesi Amandursun ýeňňemiz bolsa çagalar bagynda aşpez bolup işläpdirler.

Bu agzybir maşgalada dünýä inen bäş oglan, üç gyz milli hem döwrebap bilim-terbiýe alyp häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýärler. Aýmämmet maşgalanyň üçünji ogly. Onuň çagalyk döwri Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde geçýär. Aýmämmet kiçiliginden atasynyň aýdyp berýän gyzykly gürrüňlerini, ertekileridir, rowaýatlaryny diňläp ulalýar. Atasy aýdyp berýän gürrüňlerini şeýle bir gyzykly edip aýdyp berýän eken welin, wakalar ýaşajyk oglanyň göz öňünde edil kino ýaly bolup janlanypdyr. Ol teleýaýlymlarda  görkezilýän multfilmlere-de tomaşa etmegi gowy görüp, olardan lezzet alypdyr. Şonda Aýmämmet multfilmleriň gahrymanlarynyň hakyky keşbine girip, özüniň hereketleri bilen olaryň häsiýet aýratynlyklaryny görkezmegi başarypdyr. Aýmämmet hat-da ýigit çykanyndan soň hem telewizory açan mahaly gyzykly multfilmler gabat gelse, hezil edip oňa tomaşa edýänini özi-de duýman galypdyr. Şonuň üçin hem Aýmämmetde türkmen sungatyna, şonuň bilen birlikde çagalar edebiýatyna bolan söýgüsini atasynyň hekaýalarydyr, tomaşa eden multfilmleri oýarandyr diýsek ýalňyş bolmasa gerek.

Ýaşajyk Aýmämmediň teatr sungatyna bolan höwesi hem uly bolupdyr. Sebäbi onuň maşgala agzalary köplenç dynç günlerinde paýtagtymyzda ýerleşýän Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda sahnalaşdyrylýan spektakllara  tomaşa etmäge barýan ekenler. Aýmämmet şonda sahnada çykyş edýän artistleriň her dürli hereketlerini uly höwes bilen synlap, hyýalynda özüni olaryň ýerinde goýup görüpdir. Şondan soň onda geljekde teatr ugrundan bilim almaga bolan höwes döräpdir. Aýmämmet başlangyç bilimi Änew şäheriniň 62-nji orta mekdebinde alýar. Orta mekdebi üstünlikli tamamlanyndan soň ol Mollanepes adyndaky drama teatrynyň ýanynda hereket edýän teatr studiýasyna okuwa girmek üçin resminamalaryny tabşyryp synaglara taýýarlyk görüp başlaýar. Synagda berlen birnäçe sowallara dessine dogry jogap bereninden soň, mugallymlar oňa ýene-de goşmaça sowal berýärler.

– Ýene näme bilýärsiň?!

– Basnýa bilýän – diýip, Aýmämmet jogap berýär. Ol şol pursat Ata Salyhyň “Şagal bilen horaz” basnýasyny keşplendirip, gara çyny bilen aýdyp başlaýar.

Halypalaryň biri onuň sözüni bölüp:

-Boldy, boldy. Sen basnýany gowy öwrenipsiň. Hany, ynha sen, hol ýokarda agajyň üstünde-de horaz otyr diýip göz öňüňe getir. Şony sen nädip aşak düşürjek?! – diýip, duýdansyz sowal berýär.

Şonda Aýmämmet ilki aljyrajak ýaly edýär. Sebäbi eýlesine-beýlesine garaýar welin horazy ürküzer ýaly esbaba gözi düşmeýär. Eli bilenem haý-haýlap durany bilen horazyň ürkjegi-ürkmejegi gümana. Aýmämmet ahyry bir taý köwşüni eline alyp, ony görkezilen tarapa zyňyp goýberipdir. Şonda synag toparynyň agzalary hezil edip gülşüp: – Boldy, boldy, sen synagdan geçdiň. Sahna-da döräp biläýjek çykgynsyz ýagdaýdan baş alyp çykyp biljek ekeniň – diýip, ony teatr studiýa okuwa kabul edipdirler.

Aýmämmet teatr studiýada okan döwürlerinde halypa mugallymlar Türkmenistanyň halk artistleri Nurmuhammet Keşikow, Annamyrat Berdiýew, Ata Alowow, Aman Gurbandurdyýew, Welmyrat Amanow dagylardan tälim alýar. Bu ussatlaryň okadan sapaklary, beren bilimleri, tälimleri geljekde zehinli artist bolup ýetişjek ýaş ýigit üçin özboluşly mekdep bolup galýar.

Teatr studiýany üstünlikli tamamlan Aýmämmedi şol wagt hereket edýän Ýaş tomaşaçylar teatryna işe ýollaýarlar. Bu teatryň dörediji topary ýaş hünärmeni güler ýüz bilen garşy alýar. Teatryň halypa artistleri bolsa Aýmämmede degerli maslahatlaryny berýärler. Teatryň zehinli režissýory, Türkmenistanyň halk artisti Baýram Seýdullaýew “Ak derekleriň aýdymy” atly powesti esasynda sahnalaşdyrylan spektaklynda oňa Jammanyň keşbini ynanýar. Şol keşp hem Aýmämmediň sungata gadam basyp ynanylan ilkinji keşbi bolýar. Soňra ýaşlar teatrynyň sahnasynda Hudaýberdi Durdyýewiň “Skerso” atly Beýik Watançylyk urşy bilen bagly bolan spektaklynda Aýmämmede esasy keşpleriň biri bolan Budraýtistiň keşbi ynanylýar. Emma ol spektakl tomaşaçylara hödürlenmänkä Aýmämmet Işangulyýew Şota Rustaweli adyndaky döwlet teatr institutynyň “Drama we kino aktýory” hünäri boýunça ýörite döwlet synagyna gatnaşyp, synaglardan üstünlikli geçip, okuwa kabul edilýär.

Şeýlelikde Aýmämmet Işangulyýew Tbilisi şäherinde dört ýyllap bilim alýar. Täze gelen topara Gruziýanyň halk artisti Georgiý Sarçimelidze halypalyk edýär. Zehinli türkmen oglan-gyzlaryndan ybarat bolan bu toparyň talyplary okap ýören döwürleri halypa mugallymlaryň ýardam bermekleri bilen birnäçe sahna oýunlaryny goýýarlar. Olaryň arasynda zehinli dramaturglar Aşyr Mämiliýew bilen Begi Suhanowyň “Satylan düýş” atly sahna eseri has-da täsirli we gyzykly sahnalaşdyrylypdyr.

– Okaýan ugrumyz drama, kino we gurjak teatrynyň artisti hünäri bolansoň, häli-şindi sahna eserleri bilen iş salyşmaly bolýardyk. Onsoň özümiz daşary ýurt ýazyjylarynyň, dramaturglarynyň sahna eserlerini türkmen diline terjime edip, sahnalaşdyrmaly bolýardyk. Şol döwürler “Üç jojuk”, “Dostsuz kyn bolardy”, “Mawy kirpi” ýaly körpelere niýetlenip ýazylan sahna eserlerini terjime edip, talyp ýoldaşlarym bilen bilelikde sahnalaşdyrypdyk. Wagtyň geçmegi bilen terjimeçilik sungaty meni özüne büs-bütin maýyl etdi, onuň inçe syrlaryna has içgin aralaşyp başlapdym. Belkem terjime eden eserlerimi özümiň hem sahnada janlandyrmaga gatnaşýanlygym terjimeçilik işine has ýakyndan berilmegime itergi berendir – diýip, Aýmämmet okuw ýyllaryny buýsanç bilen ýatlaýar.

 

1989-njy ýylda ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen gutaryp gelen ýaş zehinli hünärmeni 1990-njy ýylda ýurdumyzda täze açylan Türkmen döwlet gurjak teatryna işe kabul edýärler. Teatrda işlän pursatlarynda guramaçylyk we işbaşarjaňlyk ukyplaryny göz öňünde tutup, ony 1993-nji ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine işe çagyrýarlar. Aýmämmet ol ýerde dürli wezipelerde işlemek bilen, terjimeçilik kärini hem dowam etdirmäge wagt tapypdyr. Ol talyp döwründe okan rus ýazyjysy Lew Ustinowyň “Akylly gurbagajyk” atly ertekisini terjime edýär. Bu eser şol wagtlar hereket eden ýaş tomaşaçylar teatrynyň sahnasynda sahnalaşdyrylyp halk köpçüligine hödürlenýär. Aýmämmet Işangulyýewiň dramaturg hökmünde özüniň ýazan hem-de režissýor hökmünde ýurdumyzyň teatrlarynda sahnalaşdyran: “Jadyly söz”, “Bir aždarha bar eken”, “Garry möjek hakynda”, “Ýolbarsyň towuk ketegi”, “Kör garga”, “Taýharjyk”, “Paýhasyň güýji”, “Batyr towşanjyk”, “Çynymy aýtsam”, “Mämmetjan”, “Janly heýkeller”, “Aýperi”, şeýle-de terjime eden hem-de sahnalaşdyran “Akylly gurbagajyk”, “Ahmediň gaýduwsyz horazy”, “Bir köpek ýaşar eken”, “Oskar” atly sahna oýunlary halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşy alnypdy. Aýmämmet Işangulyýewiň öz ýazan “Arslan” hem-de “Meniň eýjejik dostum” atly hekaýalary, şeýle-de “Taýharjygyň başdan geçirenleri” atly ertekileri türkmen radiosynda taýýarlanyp, ýaýlym arkaly halk köpçüligine eşitdirilip durulýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2011-nji ýylda açylan “Dünýä edebiýaty” žurnalynda hem Aýmämmet Işangulyýewiň terjime eden “Üçekde ýaşaýan Karlsson”, “Mumi Troll  we guýrukly ýyldyz”, “Elenanyň söýgüsi”, “Ülje şänigi”, “Awtobusda”, “Telefon ertekileri”, “Zümerret şäheriniň jadygöýi”, “Alisa täsinlikler dünýäsinde”, “Tokaý aýdymy ýa-da iň kiçijikler üçin iň uly sowgat” atly eserler çap edildi.

2019-njy ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Aýmämmet Işangulyýewyň “Teatr sungatynda ilkinji ädimler”atly usuly gollanmasy çap edildi. Häzirki wagtda bu gollanma ýurdumyzyň çagalar sungat mekdepleriniň teatr sungaty bölüminde hem-de medeni dynç alyş edaralarynyň gurnaklarynda giňden peýdalanylýar.

– Ertekiler dünýäsi juda täsin hem gyzykly, köpöwüşginli dünýä. Onuň bilen tanşan adam, çaga bolsun, uly bolsun, parhy ýok, bu ajaýyp dünýäden ruhy lezzet alýar, gaýgy-gamdan saplanýar. Ýaş nesilleri ertekileriň üsti bilen dost-doganlyga, agzybirlige, wepalylyga, halallyga çagyrmak milli terbiýeden gözbaş alýan ýol ýörelgelerdir. Şonuň üçin hem nesillere terbiýe bermekde ertekileriň tutýan orny uludyr – diýip, Aýmämmet mugallym belleýär.

2007-2009-njy ýyllarda Aýmämmet Işangulyýew Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesinde zähmet çekýär. Ol 2010-njy ýyldan häzirki wagta çenli Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Aktýoryň ussatlygy we sahna dili” kafedrasynyň müdiri wezipesinde zähmet çekip gelýär. Kafedra müdiri wezipesinden daşgary ol “Drama we kino aktýory” hünärinde okaýan talyplara hünär dersinden sapak berýär. Aýmämmet Işangulyýew häzirki wagtda mugallymçylyk käri bilen birlikde döredijilik işlerini hem utgaşykly alyp barýar. Türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmakda, onuň gadyr-gymmatyny ýaşlara öwretmekde Aýmämmet Işangulyýew ýaly halypa mugallymlaryň hyzmatlary uludyr. Halypa mugallym, dramaturg, terjimeçi, režissýor Aýmämmet Işangulyýew häzirki wagtda öz talyplary bilen sahnalaşdyrýan spektakllarynda durmuş hakykatyny her dürli gyzykly wakalaryň üsti bilen açmaga çalyşýar.

– Režissýor, dramaturg, terjimeçi boljak bolsaň ene dilindäki edebiýatlaram, daşary ýurt edebiýatlaryny hem köp okamaly. Men kiçiligimden, häzir hem kitap okamagy gowy görýärin. Türkmen edebiýatyndaky gowy-gowy eserleri okaýaryn. Türkmenistanyň halk ýazyjylary Kerim Gurbannepesowyň, Gurbannazar Ezizowyň ajaýyp goşgularyny gowy görýärin. Pýesany ýazmak üçin ýa-da terjime etmek üçin sahna eserlerini-de gaýta-gaýta okap durmaly. Köp okamak arkaly özüňi kämilleşdirmeli. Umuman, türkmen dramaturgiýasynda gowy-gowy sahna eserleri sanardan köp. Biz ýaşlara-da ilkinji nobatda, köp okamagy, öwrenmegi sargaýarys –diýip, Aýmämmet Işangulyýew gürrüň berdi. Halypa dramaturg, terjimeçi, artist Aýmämmet Işangulyýew 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Watana bolan söýgüsi üçin” atly medala mynasyp bolýar.

 

Aýmämmet Işangulyýewiň bagtly maşgalasy bolup, ýanýoldaşy Manana Işangulyýewa häzirki wagtda ýurdumyzyň suratkeşler birleşiginiň agzasy, ol çeken suratlary bilen ýurdumyzda guralýan dürli sergilere yzygiderli gatnaşyp gelýär. Bularyň iki gyzy, ýagny Aýna bilen Laçyn hem döwrebap bilim-terbiýe alyp, hünär öwrenip, durmuşda öz orunlaryny tapypdyrlar. Aýmämmet bilen maşgalasy Manana ýeňňemiz öz gyzlaryna, iki oglan, bir gyz agtyklaryna, öz saýlap alan kärlerine buýsanyp, guwanyp ýaşaýarlar. Biziň bilen bolan söhbetdeşlikde Aýmämmet Işangulyýew türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we döredijilik işgärleriniň hak hossarlary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek buýsanjyny beýan edip, olaryň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolup, alyp barýan il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Biz hem dramaturg, terjimeçi, aktýor, režissýor, pedagog Aýmämmet Işangulyýewe ýeňil bolmadyk işinde üstünlikleri arzuw edýäris.

Akmyrat Hojaberdiýew,

 Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň hünärmeni.