Is­pan su­rat­ke­şi Pab­lo Pi­kas­so­nyň bir su­ra­ty­nyň dü­şe­gi­niň as­tyn­da giz­le­nen ýe­ne bir şe­ki­liň bar­dy­gy anyk­lan­dy. Pi­kas­so 1901-nji ýyl­da ozal çe­ki­len ze­nan su­ra­ty­nyň üs­tün­den heý­kel­ta­raş dos­ty Ma­teu Fer­nan­des de So­to­nyň su­ra­ty­ny çe­kip­dir. Gök we ýa­şyl reňk­li su­rat­da Fer­nan­des de So­to sto­luň ba­şyn­da işi­ne güm­ra bo­lup otyr. Lon­don­da­ky Kur­to sun­gat ins­ti­tu­ty­nyň bi­ler­men­le­ri port­re­ti ser­gä çy­kar­maz­dan ozal rent­gen şöh­le­si ar­ka­ly bar­lan­la­ryn­da, bu su­ra­tyň dü­şe­gin­de açyk göz bi­len saý­ga­ryp bol­ma­ýan ýe­ne bir şe­ki­liň bar­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Kur­to ga­le­re­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Bar­na­bi Raýt inf­ra­gy­zyl ka­me­ra ar­ka­ly su­ra­ta se­re­den­le­rin­de giz­lin şe­ki­liň me­se-mä­lim ýü­ze çy­kan­dy­gy­ny aýt­dy. Ze­na­nyň sa­çy şol dö­wür­ler Pa­riž­de ýoň bol­şy ýa­ly be­je­ri­lip­dir.

Gül­ba­har GUR­BA­NO­WA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.