Türk­men hal­ky müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň umu­my gen­ji-ha­zy­na­sy­na öz go­şan­dy­ny go­şan, äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ry bi­len my­na­syp orun alan be­ýik mil­let­dir. Bu ke­rem­li top­rak eke­ran­çy­lyk, mal­dar­çy­lyk, ylym, me­de­ni­ýet we sun­gat üçin ösü­şiň nus­ga­sy­ny özün­de jem­län, ta­ryh üçin bol­sa öz­bo­luş­ly ru­hy we me­de­ni mi­ra­sy ýa­dy­gär gal­dy­ran top­rak­dyr. Bu aý­dan­la­ry­my­za my­sal hök­mün­de eke­ran­çy­ly­gyň ýü­ze çy­kan ýe­ri bo­lan ga­dy­my Jeý­tun me­de­ni­ýe­ti­ni gör­kez­mek bo­lar. Su­wa­rym­ly eke­ran­çy­ly­gy we onuň kä­mil usul­la­ry­ny dö­re­den ata-ba­ba­la­ry­myz ýur­du­my­zyň gu­rak ho­wa şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, mes top­rak­ly ýer­ler­den bol ha­syl al­mak we sa­ha­wat­ly ýaý­la­la­ry­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek ýa­ly iş­ler­de yh­las bi­len tu­tan­ýer­li zäh­met çe­kip­dir­ler.
Hal­ky­my­zyň gu­ýy gaz­mak, köp­ri gur­mak ýa­ly so­gap­ly hem asyl­ly däp­le­ri bar. Mu­ňa ata-ba­ba­la­ry­my­zyň türk­men top­ra­gyn­da ga­zan gu­ýu­la­ry, kä­riz­le­ri do­ly şa­ýat­lyk ed­ýär. Ga­ra­gu­muň mer­ke­zin­de «Al­tyn asyr» Türk­men kö­lü­niň dö­re­dil­me­gi şol asyl­ly däp­le­riň hä­zir­ki dö­wür­de do­wam et­di­ri­lýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu iri tas­la­ma di­ňe bir bi­ziň ýur­du­my­zyň däl-de, eý­sem, tu­tuş Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­ma­gy­na we daş­ky gur­şa­wyň yg­ty­bar­ly go­ral­ma­gy­na oňyn tä­sir ed­ýär. Bu bol­sa oba­dyr şä­her­le­ri­mi­ziň has-da gö­zel­leş­me­gi­ne, ba­gy-bos­san­ly­ga öw­rül­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.
Ýa­şaý­şyň we bol­çu­ly­gyň göz­ba­şy bo­lan suw te­bi­ga­ty jan­lan­dyr­ýar, säh­ra­la­ry­my­zy gül­zar­ly­ga hem-de be­re­ket me­ka­ny­na öwür­ýär. Şo­nuň üçin hem su­wuň ga­dyr-gym­ma­ty­ny, sar­pa­sy­ny be­lent tut­ýan hal­ky­myz su­wuň her dam­ja­sy­ny al­tyn dä­ne­si­ne de­ňäp­dir. Mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­my­zyň «Suw – ata­dyr, ýer – ene», «Suw­ly ýer – gül, suw­suz ýer – çöl», «Suw ýyg­na­nyp köl bo­lar, köp ýyg­na­nyp – il» di­ýen aja­ýyp na­kyl­la­ry dö­re­den­di­gi tö­tän­den däl. Bu aja­ýyp na­kyl­lar hal­ky­my­zyň ýa­şaý­şyň we be­re­ke­diň göz­ba­şy ha­sap­lan­ýan su­wa bo­lan ga­raý­şy­ny aý­dyň be­ýan ed­ýär.

Ba­tyr ILA­MA­NOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.