Angliýanyň DEEP kompaniýasy suwuň aşagynda ýaşaýyş jaýynyň nusgasyny işläp taýýarlady. Kompaniýanyň ýolbaşçylary adamzadyň köp ýyldan bäri kosmosa gidip bilýändigini, gury ýeriň we ummanlaryň ýüzündäki hemme zada syn edip bilýändigini, emma ummanyň aşagynyň ünsden düşýändigini göz öňünde tutup, şeýle taslamany taýýarlapdyrlar. Olaryň işläp taýýarlaýan “Vanguard” atly aňsatlyk bilen suwuň aşagynda gurnalyp bilinjek jaýy şu ýylyň ahyrynda suwuň düýbüne goýberiler. Uzynlygy 12, ini 7,5 metre barabar bolan jaý suwuň 100 metr çuňlugynda 3 adam ýaşamaga niýetlenendir. 2027-nji ýyla çenli bolsa, has uly “Sentinel” atly suwasty desga gurlar. Kompaniýa “Vanguard”-yň guwwaslaryň gysga wagtlyk çümüşleri üçin niýetlenendigini, “Sentinel” uzak möhletli galmaga niýetlenip, 200 metr çuňlukda ýerleşer. “Sentinel” alty adamlyk bolup, bu ýerde 28 gün galyp bolar. Bu desgada bolýan guwwaslar suwuň içindäki syýahatyny tamamlandan soňra yzyna gelip bilerler.
Kompaniýa bu desganyň ummanlary öwrenmek, syýahatçylyk ýaly ugurlarda peýdalanylyp bilinjekdigini belleýär.

Agajan Aýhanow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.