Suw­suz­ly­ga çy­dam­ly agaç­laryň, gy­rym­sy agaç­laryň, ýabany otlaryň, bir­ýyl­lyk we köp­ýyl­lyk ösüm­lik­le­riň ýüz­ler­çe gör­nü­şi bar. Ola­ryň kä­bi­ri ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­ma­ty dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.
Ka­li­for­ni­ýa gü­lä­le­gi. Ýa­ba­ny çöl gül­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan bu ösüm­lik açyk na­rynç reň­ki bi­len ada­ty gy­zyl gü­lä­lek­den ta­pa­wut­lan­ýar. Gü­lä­le­giň bu gör­nü­şi ABŞ-nyň Ore­gon şta­ty­nyň ke­nar­ýa­ka­la­ryn­dan Mek­si­ka­nyň Aşa­ky Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­na çen­li ara­lyk­da ös­ýär. Me­de­ni usul­da hem ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­me­gi aň­sat bo­lan­soň, tä­sin gül köp ýer­de se­ýil­gäh­le­ri, how­lu­la­ry hem be­ze­ýär. Bu ösüm­li­giň gül­le­ri gün­di­zi­ne açy­lyp, gi­je­si­ne ýa­pyl­ýar. Bu gü­lä­lek­ler ke­nar­ýa­ka­lar­da tu­tuş to­mus pas­ly­nyň do­wa­myn­da gül aç­ýan bol­sa, has ys­sy ýer­ler­de ýaz pas­lyn­da bir ge­zek gül­län­den soň­ra gu­ra­ýar.
Opun­si­ýa. Kak­tu­syň bir gör­nü­şi bo­lan bu ösüm­li­giň 300 tö­we­re­gi gör­nü­şi bar. Mek­si­ka­nyň döw­let ger­bin­de bu ösüm­li­giň su­ra­ty şe­kil­len­di­ri­lip­dir. Ata wa­ta­ny Ame­ri­ka ha­sap­lan­ýan hem bol­sa opun­si­ýa­lar Ýew­ro­pa­da, Awst­ra­li­ýa­da we beý­le­ki ýer­ler­de se­na­gat mak­sa­dy bi­len ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Gy­zyl gül­le­ri bo­lan bu ösüm­lik azyk se­na­ga­tyn­da ula­nyl­ýar.
Gys­ga ýap­rak­ly ýuk­ka. He­mi­şe gök öw­süp otur­ýan pür­li agaç bo­lan ýuk­ka­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi bol­ýar. Em­ma bu gör­nü­şi en­de­mik bo­lup, ABŞ-nyň Mo­ha­we çö­lün­de bit­ýär. 150 ýy­la çen­li ýa­şa­ýan bu agaç­lar ýy­lyň do­wa­myn­da ba­ry-ýo­gy 5-7 san­ti­metr ös­ýär. Bu ösüm­lik ke­be­le­giň bir gör­nü­şi bi­len tä­sin «ara­gat­na­şy­gy» sak­la­ýar. Ke­be­lek ýuk­ka­nyň gül­le­ri­niň po­len­le­ri bi­len iý­mit­len­ýär. Şeý­le hem ke­be­lek öz li­çin­ka­sy­ny ýuk­ka­nyň gü­lü­niň içi­ne taş­la­ýar. Li­çin­ka­dan çy­kan ke­be­le­jik bol­sa ösüm­li­giň to­hum­la­ry bi­len iý­mit­len­ýär. Bu ke­be­lek di­ňe şol ösüm­li­giň üs­tün­de ýa­şa­ýar.
Adan­so­ni­ýa. Af­ri­ka­da we Awst­ra­li­ýa­da ös­ýän bu ösüm­li­giň se­kiz gör­nü­şi bar. Oňa bao­bab hem di­ýil­ýär. Mun­dan baş­ga-da, «maý­my­nyň çö­re­gi», «çüý­şe aga­jy» ýa­ly at­la­ry hem bar. Çüý­şe di­ýil­me­gi­niň se­bä­bi aşa gu­rak te­bi­gat­da ös­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, onuň dü­zü­min­de köp muk­dar­da suw sak­lan­ýar. Şol se­bäp­li olar aň­sat ýan­ma­ýar. Kä­ha­lat­lar­da to­kaý­da ýan­gyn çy­ka­nyn­da bu agaç­lar ýan­man gal­ýar. Bu aga­jyň dia­met­ri 15 met­re ýet­ýän bir düý­bün­de 115 ton­na suw sak­lan­ýan­dy­gy anyk­la­nyp­dyr. Ösüm­lik ýa­gyş­ly möw­süm­de dü­zü­mi­ne suw ýyg­na­ýar. Şo ma­hal aga­jyň dü­zü­mi­niň 76 gö­te­ri­mi suw­dan yba­rat bol­ýar. Ýer­li ilat gu­ran agaç­la­ryň ýo­kar­sy­ny ke­sip, or­ta­syn­da­ky kö­we­gi suw sak­la­mak üçin hem peý­da­lan­ýar. Aga­jyň bo­ýy 40 met­re çen­li ýet­ýär. Onuň ýap­rak­la­ryn­dan, mi­we­sin­den, kö­le­ge­sin­den peý­da­lan­ýan on­lar­ça jan­dar bo­lup, ki­çi­räk ekoul­ga­my dö­red­ýär. Bao­ba­byň ga­by­gy­nyň as­tyn­dan alyn­ýan sü­ýüm­den ýüp, se­bet, egin-eşik ýa­ly zat­lar taý­ýar­lan­ýar. Onuň ar­ty­lan ga­by­gy gys­ga wagt­dan gaý­ta­dan ösüp çyk­ýar. Aga­jyň mi­we­si, ýap­rak­la­ry we gül­le­ri iý­mit hök­mün­de peý­da­la­nyl­ýar. Mi­we­sin­den süý­ji şer­bet­ler taý­ýar­lan­ýar. De­ňiz de­re­je­sin­den 450-600 metr be­lent­lik­de ös­ýän bu ösüm­lik te­bi­gy we eme­li usul­da kö­pel­ýär. Bao­bab­la­ryň 6 gör­nü­şi Ma­da­gas­kar ada­syn­da, bir gör­nü­şi Awst­ra­li­ýa­da ýe­tiş­ýär. Bu tä­sin agaç «Şa ýol­bars», «Ma­da­gas­kar» we beý­le­ki mult­film­ler­de hem su­rat­lan­dy­ryl­dy.