Ýaponiýanyň “Mitsui O.S.K. Lines” (MOL) bilen Türkiýäniň “Karpowership” kompaniýalary suwuň ýüzündäki ilkinji maglumat merkezini gurmak üçin şertnama baglaşdy. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde gäminiň üstünde guruljak maglumat merkezi gäminiň ýüzünde gurlan elektrik bekedinden we beýleki çeşmelerden energiýa alyp biler. Müşderileriň isleglerine görä, maglumat merkezi gury ýerdäki geçirijiden, Gün beketlerinden, suwüsti ýel beketlerinden ýa-da beýleki çeşmelerden elektrik energiýasyny alyp biler. Dünýäniň ilkinji suwüsti maglumat merkeziniň 2027-nji ýylda işe girizilmegine garaşylýar.
“Karpowership” kompaniýasy gäminiň üstünde elektrik beketlerini gurýar we dolandyrýar. Kompaniýanyň 19 ýurtda gämi beketleri bar.